Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adalatly hem ynsanperwer syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir ýyly taryhy wakalara, uly ösüşlere beslenýär. Beýik maksatlara beslenip gelen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň hem şeýle ösüşli ýyllaryň biri boljakdygyna berk ynanýarys.
Hemmämiziň şaýat bolşumyz ýaly, türkmen halky “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyny we halkara Bitaraplyk gününi halkara derejesinde giňden belläp geçdi. Şu şatlykly wakalar bilen utgaşyklykda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilmegi şatlygymyzy belende galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp täze kitaby dokuz sany bölümden ybarat bolup, onda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri, onuň parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we halkara hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, geçen otuz ýylyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler barada möhüm ähmiýetli wakalar buýsançly beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz: “Bitaraplyk derejesi Türkmenistana özüniň milli bähbitlerini goramak, daşary syýasatda garaşsyz çözgütleri kabul etmek, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek babatynda giň mümkinçilikleri berdi” (Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly. 8 sah.) -diýip, adalatly nygtaýar. Hakykatdan-da, türkmen Bitaraplygy müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhynda ata-babalarymyzyň parahatçylyksöýjülik, ynsanperwerlik, belent adamkärçilik ýaly asylly ýol-ýörelgelerini dabaralandyrmakda we dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Bitaraplyk syýasatymyzyň türkmen halkynyň pähim-paýhasynyň miwesidigini, halkymyza mahsus bolan ynsanperwer garaýyşlary özünde jemleýändigini adalatly nygtaýar. Geçmişde Parfiýa, Margiana, Merw, Köneürgenç ýaly gadymy hem şöhratly döwletleri döredip, adamzat swilizasiýasyna baý ruhy mirasy, milli medeni gymmatlyklary, ylmy açyşlary hem-de oýlap tapyşlary bagyş edendigini anyk mysallar arkaly beýan edýär.
Gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli dowam edýän mirasymyzda türkmen halkynyň parahatçylyksöýjüliginiň taryhy kökleriniň aýdyň görünýändigini, myhmansöýerlik, dostluk ýaly milli häsiýetlerimiziň ähmiýetine ünsi çekýär. Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen türkmen topragynda döredilen Nusaý, Merw, Köneürgenç ýaly taryhy şäherleriň diňe bir söwda merkezleri bolman, eýsem medeniýetiň, ylmyň merkezi hökmünde meşhurlyga eýe bolandygyny buýsançly nygtaýar. Türkmen halkynyň mertlik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik ýaly nesillere nusgalyk ýol-ýörelgeleriniň “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly eposlarda, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy ýaly şahyrlarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan şahyrana eserlerinde çeper beýanyny tapandygyny belleýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyndan soňra eýe bolan hukuk derejesi hakynda söhbet açyp: “Hemişelik Bitaraplyk – munuň özi Bitaraplygyň ýokary görnüşi bolup, bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak üçin mümkinçilige eýedir. Gelip çykyşy boýunça “ykrar edilen”, görnüşi boýunça “hemişelik”, manysy boýunça “oňyn” häsiýete eýe bolan Türkmenistanyň Bitaraplygy bolsa, dünýäde iň ýokary wekilçilikli halkara düzüm bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan biragyzdan ykrar edilen, taryhy Kararnama bilen berkidilen halkara hukuk ýagdaýydyr.” (78 sah.) diýip bellemek bilen, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň ähli adamzadyň parahat, asuda, abadan, agzybir, eşretli durmuşda ýaşamak baradaky isleglerine doly laýyk gelýändigini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Konstitusion Kanunyň ähmiýeti, Bitaraplyk derejämiziň döwlet Senamyzda hemişelik orun almagynyň taryhy ähmiýeti dogrusynda buýsançly söhbet edilýär. Häzirki wagtda “Bitaraplyk”, “öňüni alyş diplomatiýasy”, “parahatçylyk”, “ösüş” ýaly düşünjeleriň täzeçe baý mazmuna eýe bolandygy nygtalýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzalarynyň biri bolmak bilen, dünýä döwletleri bilen ykdysadyýet, durmuş, daşky gurşawy goramak, ylym, bilim, medeni ugurlarda, şeýle hem abadan durmuşyň girewi bolan energiýa serişdeleriniň umumadamzat bähbitlerine hyzmat etmegi babatda uzak möhletli maksatnamalary we taslamalary işläp düzmeklige we amala aşyrmaklyga mynasyp goşantlaryny goşýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň giň mümkinçiliklerini dabaralandyrmakda, döwletimiziň dünýädäki ornuny mundan beýläkde berkitmekde, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde syýasy durnuklylygy saklamakda we hemmetaraplaýyn goldamakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, bütin dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyz tarapyndan alynyp barylýan işlere giň gerimde badalga berilýär. Munuň özi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň bu günki gün ýer ýüzünde asudalygyň, parahatçylygyň, rowaçlanmagyna uly goşant goşýan, dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan döwlet höküminde abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzasy hökmünde sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy we abadançylygy gorap saklamaga dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli we özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan otuzdan gowrak Kararnamalaryň kabul edilmegi hem munuň özboluşly subutnamasydyr. Geçen 30 ýylyň dowamynda, Türkmen Bitaraplygy sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga we gorap saklamaga düýpli täsirini ýetirdi. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesindäki başlangyçlarynyň dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň kepilidir.
Arkadagly Alym Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasaty we onuň çäklerinde söwda, nebit-gaz, ulag-logistika, oba hojalygy, gurluşyk we energetika, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlarynda dünýä döwletleri bilen ýola goýlan we yzygiderli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti giňişleýin açylyp görkezilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli Maksatnamanyň”, şeýle hem “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, oba hojalygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda ýetilen sepgitler aýdyň beýan edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu günki gün parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen barýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamagyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda adalatly nygtaýşy ýaly, “Parahatçylyk türkmen swilizasiýasynyň ýüregidir, onuň umumy maksadydyr, adamzat kalbynyň iň belent arzuwydyr” (338 sah.).
Biz hem, hormatly Prezidentimiziň sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak, dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmek babatda alyp barýan adalatly hem ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň mundan beýläkde hem uly üstünliklere beslenmegini, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris! Türkmen halkyny ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Mirhan TUWAKOW,
Aşgabat şäheriniň Agrar partiýasynyň
başlygynyň w.w.ý.ý