Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň yzgiderliligini üpjün etmekden ybaratdyr. Ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlarynyň bolçulygy döredilýär. Haryt bolçulugunyň döremeginde we kämilleşmeginde elbetde, bank ulgamynyň goldawlary aýdyň duýulýar.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda boluşy ýaly ýurdumyzyň bank ulgamynda hem hyzmatlaryň täze-täze görnüşleri ilata hödürlenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň netijesinde dünýäniň iň ösen döwletleriniň tejribesini ulanmak arkaly amala aşyrylýan hyzmatlar has kämilleşdirildi. Şolaryň birisi raýatlarymyza hususy işlerini ýöretmek, önüm öndürmek bilen baglanyşykly berilýän kiçi göwrümli karzlardyr.
Häzirki döwürde raýatlarymyz tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän bank karzlarynyň bu görnüşine bolan islegler gün saýyn artýar. Bank şahamçalarynyň ählisinde melleginde, kömekçi hojalygynda, ýer böleginde, şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin esasy we dolanyşyk şertlerini edinmek maksatlary üçin kiçi göwrümli karzlary bermek işleri ýola goýuldy. Munuň özi mellek ýerlerinde, kömekçi hojalyklarynda, mülk ýerlerinde ekrançylyk, maldarçylyk-guşçylyk we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan raýatlaryň önümçilik şertlerini giňeltmek, şeýle hem önüm öndürmeklige islegi bolan, emme maliýa serişdeleri ýetmezçilik edýän raýatlara gysga wagtyň içinde berilýän bank karzydyr. Şeýle görnüşli bank karzlarynyň berilmegi raýatlaryň melleklerinde, şahsy hojalyklarynda gök-bakja miweleri öndürmekligi, tohum mallary, guş önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredýär.
Kiçi göwrümli karzlar ýyllyk 10 göterimli, 30 000 (otuz) müň manada çenli alty aý ýeňillikli döwür bilen 3 ýyla çenli möhlete nagt däl görnüşinde berilýär. Kiçi göwrümli karzlaryň hasabyna raýatlar hususy mellek ýerlerinde ýyladyşhanalary gurup bilýärler. Öňden bar bolanlaryny giňeldip, durkuny täzelemäge mümkinçilikler alýarlar. Ildeşlerimiziň köpisi şeýle mümkinçilikleriň hasabyna gök we bakja önümlerini ýetişdirip, ýerli bazarlarda önüm bolçulugyny döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Karzyň bu görnüşi boýunça raýatlarymyzyň maldarçylykdan alýan önümleri bilen ýerli önüm öndürijileri çyg mal bilen üpçin etmäge ukuplarynyň artýandygyny görkezmek bolar. Dürli ekinleriň hasylyny ýetişdirýän kärendeçiler hem bank tarapyndan tohumlary we gaýry zerurlyklary satyn almaklygy üçin kiçi göwrümli karzlar bilen üpjün edilýär.
Işlemäge, döretmäde, gurmaga, halal zähmetleri çekmäge ähli şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşalygymyzy bildirýäris.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri Nasiba Durdybaýewa