Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň mübärek Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ýene-de bir ajaýyp kitaby elmize gelip gowuşdy. “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly bu kitabyň ýaş nesillerimiz üçin terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uly. Sekiz bölümden ýbarat bolan bu kitap Garaşsyz baky Bitarap ýurdymyzyň ösen belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesile geçirip gelýän milli ruhy ahlak gymmatlyklary baradaky maglumatlary, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly pikir garaýyşlaryny, öwüt-ündewlerini özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň pederlerimiziň asylly gymmatly ýörelgelerine sarpa goýmak bilen biziň günlerimize çenli gelip ýeten çeşmeleri, maglumatlary jikme-jik öwrenmegi täze eseriň täsirliligini has-da artdyrýar. Bu manyly kitapda ömrüniň manyly döwrüni ata Watanymyza, mähriban halkyna gulluk etmäge bagyş eden Milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy pursatlary öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda “Meniň tutuş ömrümiň manysy, bu il halkymdyr, adamlaryň parahat, agzybir durmuşydyr, olaryň jan saglygydyr” diýen jümleleri okamak mümkin. Hakykatdan-da Gahryman Arkadagymyz her bir türkmenistanlynyň okamagy, işlmekligi, asuda parahat durmuşda ýaşamagy, dynç almagy, gurmagy döretmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Munuň şeýledigini welaýatlarda, etrapdyr, şäherlerde, obalarda medeni durmuş maksatly binalardyr desgalaryň, önümçilik kärhanalaryň yzgider gurlup nulanmaga berilýändiginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.
“Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli watandaşlarymyzy mähirli gutlaýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny şeýle baý many-mazmuna eýe bolan eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýärin.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni