Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Baýdak – halkymyzyň nurana ykbaly!

 “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyň 18-nji maýynda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni belent joşguna beslenip, ata Watanymyzyň milli buýsançlaryna bolan guwanjyny goşalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda hukuk binýady berkden tutulan Diýarymyzda halkymyz eşretli durmuşda, asuda asmanyň astynda, belent parlaýan Döwlet baýdagynyň saýasynda bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýar. Milletimiziň döwlet ösüşiniň bitewüliginiň baýramynda ýurdumyzyň esasy Kanunynyň, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Döwlet baýdagy öz beýanyny tapýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Saýat etrap komitetleriniň gurnamagynda Sakar şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Çärede çykyş edenler Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan soň, 1992-nji  19-njy fewralynda ýaşyl reňkli aý-ýyldyzly we halynyň gölleri bilen bezelen türkmeniň baýdagy al asmanda pasyrdady. Baýdagyň reňkiniň ýaşyl bolmagy ýurduň tebigy durmuşyny  we diriligini, aý ýyldyzlar bäş welaýaty we jebisligi, halynyň gölleri bolsa türkmen halysyna berilýän ähmiýeti beýan edýär.  Çünki biziň ýurtda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen döwletiniň ýaşyl baýdagy bu gün bütin dünýä tanaýandygyny buýsanç bilen aýdylar.

Amala aşyrylýan döwletli tutumlar, ägirt uly taslamalar diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem ykbalyna oňyn täsir edýär. Şonuň üçinem Döwlet baýdagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň ymaratynyň öňünde, dünýäniň çar künjeginde buýsançly pasyrdaýar. Onuň pasyrdysynda ene  topragyny, ata Watanyny jany-teni bilen söýýän hem-de Arkadagly Serdarymyzyň daşynda mäkäm jebisleşen agzybir halkymyzyň şu güne yhlasy, nurana geljege mizemez ynamy, dost-doganlyga bolan belent sarpasy bar.

Bize päk ýürekden zähmet çekmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp köp sag bolsunlaryny aýtdylar.

Dabaranyň soňunda medeniýet – sungat işgärleri buýsançly çykyş etdiler we öz ýürek buýsançlaryny aýdym – sazlaryň, dabaraly tanslaryň üsti bilen dowam edip dabaraly maslahata gatnaşyjylara ruhybelentlik paýladylar.

 Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň hünärmeni Rozyhal Piriýewa