Ýetip gelen bu baýramy owadan baharyň ilkinji günlerinde bellenilýänligi üçin “owadan baýram” diýesim gelýär. Dünýäniň köp ýerlerinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem uly dabara bilen bellenilýän bu baýram Halkara zenanlar günüdir. Zenan ýaşaýşyň dowamaty, maşgala ojagynyň daýanjydyr, ähli gözellikleriň seresidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlar hakdaky aladasynyň durmuş hakykatyna eýe bolýandygynyň alamatlaryny owadan baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar gününiň dabaraly pursatlarynda has aýdyň ýüze çykdy. Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiz aýal-gyzlara özüniň mähirli gutlagyny ýollamagy hem-de bakja bagynda terbiýelenýän gyzjagazlardan başlap kümüş saçly enelerimize çenli pul sowgatlaryny bermegi, biz zenanlary zähmet üstünliklere ruhlandyrýar.
Zenanlar ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda çekýän yhlasly zähmeti bilen watanymyzyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk halklaryň dost-doganlygy ugrunda alynyp barylýan işlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Oba hojalygynda gazanylýan ösüşlerde hem zenanlarymyzyň uly paýy bar. Muňa welaýatymyzyň gyz-gelinleriniň mysalynda anyk göz ýetirýäris. Olar ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek işine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Görüm-göreldäniň mekdebi bolan mähriban eneleri, ähli zenanlary 8-nji mart baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý siziň ýüziňizde elmydama ýylgyryş bolsun. Baýramyňyz gutly bolsun mähriban gyz-gelinler!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa .