Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwri “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Bedew batly at-myradyň mekany” ýyllynda biziň her bir günümiz şanly toýly senelere eýe bolýar. Atçylyk ulgamyndaky işleri kämilleşdirmek, bu pudagy ösdürmek ugrunda täze çemeleşmeleri ornaşdyrmak boýunça nobatdaky ädim bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Bedew batly at-myradyň mekany”ýylynda ýurdumyz täze ösüşlere eýe bolup, halkyň ýaşaýyş durmuş derejesi has hem ýokarlanýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün türkmen bedewiniň at-abraýy arşa çykyp, şan şöhraty dünýä ýaýraýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemaýat goldawlary netijesinde ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, atçylyk sportunyň görnüşlerini, at üstündäki oýunlaryň milli däplerini ýaýratmak boýunça görlüp eşdilmedik çäreler amala aşyrylýar. Döwlet baştutanymyzyň kararyna laýyklykda ähli welaýatlarda häzirki zaman, halkara ülňülerine laýyk gelýän aýlawlar guruldy we olarda yzygiderli bäsleşikler geçirilýär. Türkmen atşynaslary ahalteke bedew atlary bilen uly halkara atly sport ýaryşlaryna, marafon at çapyşyklaryna, atlaryň halkara sergilerine we atly şüweleňlere yzygiderli gatnaşyp ýokary netijeleri görkezýärler. Türkmen halky bedew aty öz atasyna goýan hormaty bilen deň sarpalamagy ýöne ýerden däldir. Olar öz atyny eziz görýän ynamdar dosty, wepaly kömekçisi hasaplapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ýan kitabymyza öwrülen “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplarynyň halkymyza gowuşmagy ahalteke atlary bilen baglanşykly dürli taryhy maglumatlary öwrenmäge we ýaş nesile wagyz etmäge mümkinçilik döretdi. Atda wepada bar sapada atly kitabynda seýle pähimler sözler bar “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen atalar sözi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz: “Türkmen halysy, türkmen bedewi-bular diňe bir halkymyzyň gadymylygynyň we zehinliliginiň, biziň şu günki Garaşsyzlygymyzyň simwoly bolman, eýsem bu biziň topragymyzyň beýik syrydyr” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Atlar türkmen halky üçin giň sähralyklarda, çöllük ýerlerde, dag geçelgelerinde hereket etmek we ýaşamak üçin iň ygtybarly serişde bolup hyzmat edipdir. Ata-babalarymyz müňlerçe ýyl mundan ozal ýyldyrym dek süýnýän ajaýyp ahalteke atlarymyzy kemala getiripdirler. Ahalteke bedewlerimiz diňe bir ýyndamlykda we owadanlykda däl, eýsem, özüniň gowy häsiýetleri bilen jahanda ebedilik şan şöhrata eýedir.
Ata babalarymyz ykjam we amatly at esbaplaryny oýlap tapyp olar diňe bir öz bedew atyny bezemek bilen çäklenmän, eýsem esbaplary kämillik derejesine ýetirip dünýä bazarynda uly islegden peýdalanmagyny gazanypdyrlar. Milli buýsanjymyz bolan bedewler asyllylygyň, abraý mertebäniň, rysgal döwletiň buşlukçysy bolup, abadan hem parahat Watanymyzyň toýly günlerinde şatlygymyza şatlyk goşsun!
TAP –nyň Ahal welaýat komitetiniň
baş hünärmeni A.Suhanowa