Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bedew batly watanym

Berkerar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde ýurdumyzda uly ösüşler-özgerişler amala aşyrylýar. Ýurdymyzyň her bir güni toýdur-baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip atlandyrmagy, ýylymyzyň bedew batly ýyl boljakdygyna doly esas berýär.

Bedew – ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç. Adamlaryň asyrlaryň dowamynda gazanan ýeňişleriň ýarany – ahalteke bedewleridir. Biziň şöhratly üstünliklerimiziň alamaty – bedewlerimizdir!

Bedew atlar – gerçek gaýratyň nusgasy, watançylyk duýgynyň beýikligi, bedew atlar şol beýiklikdäki ýyldyzlardyr.

Gysgaça aýdylanda, 2026-njy ýyl beýik ösüşlere beslener, halk bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli beýik işler durmuşa geçiriler. Şeýle işler ýurdumyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk artmagyna, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny giňden ykrar edilmegine täzeçe uly  itergi berer.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly her birimize uly üstünliklere ruhlandyryp, ýurdumyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegine goşant goşjak ýyllarymyzyň biri bolsun. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Rahym Seýtgulyýew

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Balkan welaýat komitetiniň

Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň

esasy hünärmeni