Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bedew batly Watanym.

Geçen 2025-nji ýyl abadançylygyň, asudalygyň, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokary derejelere göterilen ýyly hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy.  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ösüşiň täze belent sepgitlerine ýetildi.  Ähli ulgamlarda işler sazlaşykly alnyp barlyp, biri-birinden ajaýyp zähmet ýeňişleri gazanyldy,  munuň şeýle bolmagy üçin ähli zerur şert-mümkinçilikler döredilýär. Şol sanda zähmetsöýer  babadaýhanlarymyzyňam arly ýyllap çeken zähmeti ýerine düşdi. Olar döwlet Baştutanymyzyň özlerine bildiren ynamyny ödemek, ýurdumyzyň  azyk bolçulygyny berkitmäge öz mynasyp goşantlaryny goşmak üçin halal zähmet çekmegiň nusgasyny görkezdiler. Watan harmanyna bugdaýyň, pagtanyň bol hasyly tabşyryldy.  Tutuş ýylyň dowamynda bazarlarymyzda gök we bakja önümleri egsilmedi.  Önümçilige ornaşdyrylan kärendeçilik usulynyň gerimi giňäp, hususyýetçilige, telekeçilige giň ýollaryň açylmagy bilen, oba hojalygynyň ähli ugurlarynda önüm öndürilişi ýokarlandy.  Agzybir halkymyzyň il-ýurt bähbitli ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň daşynda berkden-berk jebisleşmegi bilen, ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýan, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna  goşulan ata Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir täze ýylyny garşyladyk. Üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myardyň mekany” diýilip yglan edilmegiher birimizde uly buýsanç döretdi. Bu bolsa halkymyzyň  behişdi bedewlerine söýgi-sarpasynyň belentdigine şaýatlyk edýär. Şu günki günde türkmen bedew aty bilen bedew batly ösüşleri gazanýar. Owadan syratly bedewler döwletimiziň  gazanýan üstünlikleriniň, halkymyzyň hasyl bolan arzuwynyň ajaýyp keşbidir. Ähli ugurlarda gazanylýan ýokary netijeleriň diňe halkyň bähbidine gönükdirilýändigine biz gündelik şaýat bolýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen taglymaty barha rowaçlyklara beslenip, biziň Daşoguz welaýatymyzda hem ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryna, toý dabaralaryna badalga berildi. Welaýatymyzyň bagtyýar halky dabara mynasybetli guralan sergilere tomaşa edip, dabarada ýaňlanan aýdymdyr-sazlar ruhy lezzet paýlady. Dabaranyň ahyrynda oňa gatanşyjylar                                                                                                                                                                                                                                                                                                                      halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandyrýan, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi ýyllardan-ýyllara bedew bady bilen  öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,  ömürleriniň uzak bolup, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül   Baýramkulyýewa