Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilip geçilýär. Bedew baýramy mynasybetli bu aýda ýurdumyzyň ähli künjegindäki atçylyk sport toplumlarynda ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berilýär, dabaraly maslahatlar, suratkeşleriň, nakgaşlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň arasynda bäsleşikler yglan edilýär, atlaryň gözellik, ýyndamlyk bäsleşikleri geçirilip, ýeňijilere şa sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýäde hem örän ýokarydyr.Ahalteke bedewleriniň taryhy öz gözbaşyny örän uzaklardan alyp gaýdýar.
Gahryman Arkadagymyz özüniň: ”Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda: ”Bu dünýe çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykýandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar” diyip belledi.
Ýene-de ahalteke atlarynyň şu gününi, geçmişini, geljegini açyp görkezýän kitaplary ýazan Milli Liderimize, ahalteke atlarynyň şanyna-şan, şöhratyna-şöhrat goşup, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk sport toplumlaryny gurduran, Halkara ahalteke atçylyk Assosiasiýasyny esaslandyran Gahryman Arkadagymyza, Peder ýoluny dowam etdirip, atçylyk akademiýasyny, ylmy merkezleri, halkara atçylyk sport toplumlaryny açyp, ulanmaga beren Halkara Ahalteke atçylyk Assosiasiýasynyň Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp alkyşlar aýdýarys.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen bedewiniň at abraýyny dünýä ýaýmakda durmuşa geçirýän yzygiderli işleri üçin köp-köp alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, mähriban halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Marýam Ibadullaýewa