Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ,,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda’’ mähriban watanymyzyň döwlet gurluşynyň öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmekde, halk hojalygynyň ykdysady binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmekde, obalary durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmekde, ilatly nokatlaryň taryhyny öwrenmekde, halkyň döwrebap ahlak medeniýetini ýokarlandyrmakda, jemgyýetçilik düzüm bölekleri boýunça ösen, kämil, ynsanperwer ýörelgeleri kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar. Güneşli diýarymyzyň her bir sebitinde ,,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda’’, şeýle hem ,,Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda’’ kesgitlenen wezipelerini ýerine ýetirmekde, jemgyýetçilik ahlagyna sagdyn durmuş medeniýetini ornaşdyrmakda abadançylygyň röwşen gadamlarynyň bedew badynyň tizligi, terligi, tämizligi alyşlarda hem hormat bilen sarpalanýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýokary derejelerde ösýän jemgyýetçilik hojalyklaryň-ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň-Geňeşleriň, obalaryň taryhyny, geçmişini, tebygy şertlerini, ykdysady, medeni, durmuş-önümçilik ugurlary boýunça rowaçlanýan tejribelerini, öňdebaryjy usullaryny öwrenmekde, wagyz etmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şa serpaýly Görogly etrabynyň Diregli, Garagulak, Aksaraý, Yzmykşir, Küňreli, Buzgömen , Dörtatly, Polosoltan, Garaýanyyk, Kellelibaba, Temeç, Wahym, Ysmamytata ýaly gadymy oturymly ekerançylyk merkezleriň atlary taryhda şöhratly we meşhur mekanlar, ojaklar hökmünde hatyralanýan sahypalary köp duş gelýär . Oba geňeşlilkleri-döwlet gurluşynda halk häkimiýetiniň ilkinji wekilçilikli ulgamy, edarasy hasap edilýär. Mähriban watanymyzda gahrymançylykly taryhy, zähmet edemenliklerini, hasyl ussatlaryny özünde jemleýän, döwrüň ösýän galkynyşlaryna işeňňir gatnaşyp çalt özgerýän oba geňeşlikleriň atlary barmak büküp sanardan kän. Şolaryň biri hem bedew bady bilen ösüp ýyllyryň hatarynda arzyly sepgitleri nazarlap gelýän Bedirkent geňeşligidir. etrabyň Bedirkent geňeşligi günbatarda e B Öwezow adyndaky geňeşligi, demirgazykda H Myradow adyndaky geňeşligi, gündogary möwç urup akýan, joşgunly, lemmer-lemmer tolkunly, bol, bal suwly Türkmenderýanyň demirgazyk akabalarynyň ugurlary, günortasy ümmülmez Garagum çöli bilen serhetleşýär.
Taryhy maglumatlara görä, şöhratly we meşhur geçmişi bolan Bedirkent obasy 1925-nji ýylyň 24-nji awgustynda döredilipdir. Oňa ilki Muhat Agaýew, soňra Bekberdi Şyhyýew ýobaşçylyk edipdir. 1938-nji ýyla çenli geňeşligiň çäklerine 11 oba degişli edilipdir we olaryň çäkleri biri-birinden ýerleşiş tertibi boýunça I Bedirkent ( geňeşligiň demirgazyk gündogary) we II Bedirkent ( geňeşligiň günorta günbatary) diýilip atlandyrylan görnüşlerde ulanylypdyr. Arhiw maglumatlara görä, Bedirkendiň ilaty 1927-nji ýyla çenli döwürde 250 gektara golaý ekerançylyk meýdanlaryndan peýdalanyp, halk hojalyk işleri üçin 10 öküzi, 8 aty, 2 ýabyny, 2 arabany, 3 plugy, 2 sany ekiji seýalkany, 2 düýäni, 3 eşegi, 2 kündäni, 2 jykyry, 2 juwazy, 2 degirmeni, 1 kulalçylyk, 1 körükleýiş hojalygyny, bir düşelgäni esasy önümçilik binýady, iş gurallary, zähmet serişdeleri hökmünde giňden peýdalanypdyr. Bu döwürde Bedirkendiň ilaty 1,500 adama golaý bolupdyr. Bedirkende ilkinji traktor ýüz ýyla golaý mundan ozal birinji tapgyry, ikinji tapgyry 1931-nji ýylda getirilipdir. Oba geňeşliginde köpçülikleýin hojalyklary, jemgyýetçilik guramalaryň ýerli bölümlerini, zarpçylaryň zähmet toparlaryny kadaly ýöretmek maksady bilen ,,polat atlara” we ,,mawy korabllara” erk edýän mehanizatorlary hem-de ,,ýüwrük ellileriň’’ we ,,altyn golçularyň müňçüleriniň’’ toparlaryny taýýarlamak boýunça etrapda ilkinji
synaglara Bedirkentde badalga berlipdir. Beýik Watançylyk Urşy ýyllarynda arzyly ýeňiş üçin Bedirkentden watanyň wepaly ogullarynynyň 100-den gowragy ugradylyp, olaryň biri Sowet Soýuzynyň Gahrymany, 15-si dürli ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglanylypdyr. Berdirkentde ilkinji başlangyç mekdep 1926-njy ýylda, ilkinji ýedi ýyllyk mekdep 1938-nji ýylda, ilkinji orta mekdep 1953-nji ýylda bilime teşne ýaşlary, okuwçylary kabul edipdir. 1957-nji ýylda Bedirkendiň ilaty elektrik energiýasynyň, 1958-nji ýylda aragatnaşyk , saglyk ulgamynyň, 1981-nji tebygy gazyň-mawy ýangyjyň geçirijileri bilen etrapda ilkinjileriň hatarynda üpjün edilýär. Obada 1961-nji ýylda ,,Halklaryň dostlugy’’ atly döwletara kollektory ulanylmaga berilýär. Etrap derejesinde ilkinji tokaý hojalyk bölüminiň, pagta kabul ediş şahamçasynyň, ilkinji oba saglyk, medeniýet öýleriniň, söwda, kitaphana, dermanhana nokadynyň, ilkinji jemgyýetçilik hyzmat ediş merkezleriniň açylan ýeri we Beýik Watançylyk Urşy ýyllarynda fronta köp möçberde azyk, dokma, gymmat bahaly önümlerini goýberen obalaryň biri Bedirkent hökmünde ykrar edilýär. Etrapda halk hünärmentçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň eserlerini döretmek boýunça iri hojalyklaryň biri hasap edilen Bedirkent galasynyň döreýşi, etnografik, taryhy, medeni, geografik ösüşleriň tapgyrlarynda gazanan üstünlikleri, sebitleriň hyzmatdaşlygynda tutan ähmiýeti orny dogrusynda eýran alymy L M Paýanyň ,,Eýran obalarynyň we şäherleriniň sözlügi” we türkmen alymy S Atanyýazowyň ,,Türkmenistanyň toponimik sözlügi’’ atly kitaplarynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Köpsanly edebi, taryhy, jemgyýetçilik gymmatlyklarynda ady duş gelýän obanyň ady ýaşy boýunça irki orta asyrlar bilen senelenýän, meýdany 15 gektara golaýlaýan, geňeşligiň merkezinden 9 kilometr günorta günbatarda ýerleşýän Bedirkent galasy bilen baglanyşykly toponimik adalgadan gelip çykypdyr. Alymlaryň bellemegie görä orta asyrlarda Bedirkent galasy Diýarbekir, Şähribossan, Was, Zamahşary, Ysmamytata, Polosoltan, Aksaraý, Hywa sebitlerinden gelýän kerwenleriň iň uly nokady, kerwensaraý merkezi hökmünde tanalypdyr. Bederkent sözine düşündirişli sözlüklerde ,,ilkinjiler’’, ,,bereketli mekan’’, ,, hasylly ýaýla’’, ,, bolçylykly sähralar’’ ýaly manylar berilýär. Soňky ýyllarda oba ilatynyň raýatlaryndan 50 golaýynyň ýokary Döwlet sylaglarynyň dürli görnüşleri bilen sylaglanylmagy we 2010-njy ýylda 320 orunlyk 42-nji orta, 2014-nji 320 orunlyk 21-nji orta umumybilim berýän mekdepleriň açylyp ulanylmaga berilmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Bu günki gün ykdysady, medeni-durmuş we senagat maksatly ösüşleri boýunça täze sepgitleri nazarlaýan Bedirkent geňeşligi etrapda ilatynyň gürlügi, pagta we bugdaý kärendeçileriň, dowardaçylyk,düýedarçylyk, atçylyk, doňuzdarçylyk, maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, ýüpekçilik , bal aryçylyk, balykçylyk, ýüpek gurçugyny idediji hojalyklaryň sany, durky täzelenýän desgalaryň, saýlawçylaryň, zähmet weteranlaryň möçberi, öri meýdanlaryň mukdary, suwarymly bagçylyk zolaklaryň köplügi hem-de ýylyň ýylyna ähli pudaklar boýunça bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi boýunça ilkinji orunlary eýelemegi diňe oba ilatyny däl, eýsem welaýatyň halkyny hem has-da guwandyrýar. Soňky 100 ýyla golaý döwrüň içinde Bedirkendiň ilatynyň ösüşi 9 esse, dürli kysymly traktor, awtomobil parkynyň möçberi 15 esse kuwwatlandy, hojalygyň düşewintliligi 25 esse, peýdalanylýan suwarymly oba hojalyk meýdanlarynyň çäkleriniň 20 esse artmagy göwün guşuňy ganatlandyrýar. Kündeden kombaýna çenli ýol geçen, gojaman, süýji, suwlary bolluk bilen tolgunyp kenarlaryny böwsüp akýan Türkmenderýanyň demirgazyk şahasynyň giň çäklerini etekläp oturan, ýowşan ysly, sahawatly, sahy, bereketli sähraýy ekerançylyk meýdanlarynyň möçberi üç müň gektara golaýlaýan, geçmişi baý taryhly oba bu günki gün zähmetde taplanan, döwür bilen aýakdaş barýan edermen daýhanlaryň, zähmetkeşler toparynyň hatarynyň agzalarynyň zähmet ýeňişleri bilen has-da öňe ilerleýär, keşbi özgerýär, binýatlyk gory döwrebaplaşýar we rowaçlanýar. Altyn zamananyň belent ruhuna beslenen bagtdan paýly özgerýän obanyň keşbi şäher derejesinde kämilleşmegi bilen täze belentliklere badalga alýar. Bu geňeşlikde watanymyzyň ylmy, medeni, jemgyýetçilik we döredijilik ussatlarnyň 20-ä golaýynyň ömüriniň we ykballarynyň baglanyşmagy aýratyn guwandyryjydyr. 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň karary bilen dolandyryş-çäk gurluşynyň atlaryny döwrebaplaşdyrmak we taryhy gymmatlyklary ebedileşdirmek, hatyralamak, ozalky adyny dabaralandyrmak maksady bilen etrabyň ozalky S Nyýazow adyndaky geňeşliginiň ady üýtgedilip oňa gadymy Bedirkent adynyň dakylmagy hemmeleri begendirdi. Ýyllaryň mähri, nesilleriň hyjuwy, döwürleriň ylhamy siňýän, ýurdumyzyň iň çetki künjekleriniň biri bolan bu mukaddes mekanyň dowamly alkyşlar, gyzgyn söýgi, wepaly ynam bilen sarpalanmagynyň binýadynda Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bar. Ýaşaýşyň ähli çygrynda obalaryň toplumlaýyn ösmegine, gözelleşmegine, abadanlaşmagyna we döwrebaplaşmagyna uly badalga berýän Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işleriniň rowaç, janynyň sag, mertebesiniň belent bolmagyny arzuw edýäris!
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni Dädebaý Pälwanow