Türkmenistanyň irki döwürlerden bäri datly gawunlaryň watany hasaplanyp, köp asyrlaryň dowamynda türkmen gawunlary öz hili boýunça uly şöhrata eýe bolupdyr. Dünýäniň belli jahankeşdeleri we taryhçylary türkmen gawunlary barada gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. XII asyrda ýaşap geçen fransuz syýahatçysy “Men hiç ýerde şeýle datly tagamy datmandym” diýse, arap taryhçysy Köneürgenç gawunlary barada “Bütin ýer şarynda Horezm gawunlaryna taý geljek gawun ýokdur, paçagy dökündir, eti altyndyr” diýýär.Umuman türkmen gawunlary şalaryň desterhanyna mynasyp ýokumly iýmit hasaplanypdyr. Soltan Sanjaryň, Baýram han türkmeniň we beýleki türkmen hökümdarlarynyň söýgüli tagamy gawun bolupdyr. Il arasynda aýdylýan “Gawunyňky ýüz gün, ýüz günden soň üzgün”, “Gawunyň agry, garpyzyň ýeňili”, “Gawun gawundan reň alar”, “Gawun gabygyndan tanalar”, diýen nakyllar müň bir derdiň dermany saýylýan türkmen gawunlarynyň gadymy döwürlerden bäri tagamly nygmat saýylýandygyna güwä geçýär. Ata-babalarymyz gawuny süýji nygmat hökmünde iýen bolsalar lukmanlar ony dermanlyk hökmünde ulanypdyrlar. Lukman hekim ady bilen tanalýan Ibn Sina hem türkmen gawunlarynyň dürli kesellere dermandygy barada aýdyp, olary öz tebipçiliginde giňden ulanypdyr. Sebäbi gawunyň düzüminde dürli witaminler, krahmal beloklar, organiki kislotalar, dürli-dürli mineral duzlar hem-de kaliý saklanýar.
Türkmenistanda ösdürip ýetişdirilýän gawunlar ýöne bir bakjaçylyk işi hasap edilmän, eýsem ol gadymy halk däp-dessury bolup, sungat derejesine ýetilipdir. Türkmen gawunlary diňe bir çig görnüşde iýilmän eýsem onuň etinden toşap, mürepbe, kak önümleri taýýarlanylýar. Ene-mamalarymyzyň ussatlyk bilen taýýarlaýan bu önümlere häzirki döwürmizde hem isleg örän uly. Iýseň agzyňdan tagamy gitmeýän bu önümler ýylyň ähli döwründe saçaklarymzyň bezegi bolup, halkymyz tarapyndan iň ýokary tagam hasap edilýär.
Biziň günlerimizde ýurdumyzyň babadaýhanlary gawunlaryň 400-den gowrak görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Olaryň ussatlyk bilen ýetişdirýän gawun garpyzlary tagamy, ululy-kiçiligi, daşky görnüşi bişýän wagty boýunça tapawutlanýar. Çalt bişýän “zamça”, “azgyn”, “ternek”, “garpyz gawun”, “kyrkgünlik”, ýaly görnüşleri maý aýynyň ahyrlarynda bişip ýetişýär. Giçki görnüşi “garrygyz” güýzde ýetişip, bu gawuny uzak wagtlap saklap bolýar. Ol tagamy boýunça tomusky gawunlardan tapawutlanýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ussat seçgiçi daýhanlarymyza dünýäde deňsiz taýsyz hasaplanýan türkmen gawunlarynyň ata-babalarymyzdan miras galan görnüşlerini saklamak, täzelerini döretmek, hilini gowulandyrmak üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Babadaýhanlarymyzyň halal zähmetlerine mynasyp baha berilýär. Bu bolsa olary täze zähmet üstünliklerini gazanmaga, has ýokary sepgitlere ýetmäge, edermen daýhanlarymyzyň ene topraga bolan yhlasyny, ondan bol hasyl öndürmäge, halal zähmetiniň hözürini görüp bagtyýar ýaşamaga höwesini artdyrýar, ata-babalarymyzdan gelip ýeten daýhançylyk däplerini has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Çynar Berdikulyýewa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat
komitetiniň esasy hünärmeni.