Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bejergi işler dowam edýär

          “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 32 müň gektar meýdanda gowaça ýetişdirýän Akdepe etrabynda ekinleriň hatarara bejergisi ýokary depgin bilen dowam edýär. Onuň ekinleriň gowy boý almagynda, bereketli hasyl toplamagynda ähmiýetiniň ulydygyna etrabyň pagtaçy kärendeçileri gowy düşünýärler. Şonuň üçin hem bu jogapkärli iş kärine ussat, tejribeli mehanizatorlara ynanylypdyr.

         Etrabyň Mollanepes daýhan birleşiklerinde häzirki günlerde dördünji, bäşinji hatarara bejergi işleri dowam edýär. Etrap boýunça bu işde traktorlaryň 8 sanysy öndürijilikli işledilýär. Häzirki güne çenli hatarara bejergi işleri gowaça meýdanlarynyň ýarsyndan gowragynda geçiridi. Şonuň esasy bölegi iýmitli hatarara bejergisidir.

         Gowaçalaryň hatarara aralygynda bejergi işlerini geçirmekde etrabyň Ak altyn, Hakykat, S.Çerkezow ad, M.Garlyýew ad daýhan birleşikleriniň pagtaçy kärendeçileri öň hatarda barýarlar. Kemsiz ideg ýetirilýän gowaçalar şu günler gül-gunçalaryny köpeldip, hasyla-hasyl goşýarlar. Hatarara bejergileriniň talabalaýyk bolmagy üçin işe ýörite hünärmenler tarapyndan pugta gözegçilik edilýär.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Maýsa Öwezowa