Hormatly Prezidentimiz oba adamlarynyň bökdençsiz işlemekleri, oba senagat toplumyny yzygiderli ösdürmek, oba hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin durmuşa geçirýän işleri, göwünleri galkyndyrýan, ýürekleri joşa getirýän parasatly çözgütleri özüniň ajaýyp miwesini berýär. Ýerleriň şorlaşmagynyň, haşal otlaryň köpelmeginiň, zyýanly mör-möjekleriň ýaýramagynyň öňüni almak, ýeriň hakyky eýeleri bolan daýhanlary suw, mineral dökünler, oba hojalyk tehnikalary bilen ýeňillikli üpjün etmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler ekleýjimiz bolan ene topragymyzyň berekedini artdyrýar. Daýhanlarda ýere eýeçilik gözi bilen seretmek, suwdan, dürli görnüşli dökünlerden rejeli peýdalanmak duýgusyny döredýär. Şeýle bolansoň, rysgal berekediň çeşmesi bolan mukaddes ak bugdaýyň gökdür bakja önümleriniň, ot-iýmlik ekinleriniň öndürilişi ýyl-ýyldan artýar. Güneşli Diýarymyzyň beýik ösüşlerini nazarlap, üstünlikden üstünliklere alyp barýan mähriban ýurt Baştutanymyzyň parasatly oba syýasaty bereket-zähmetleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar, her ýylda alynýan sap girdejilerini artdyrýar, ýerleriň hasyllylygynyň artmagyna oňaýly şertleri döredýär, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde kärendeçi daýhanlar tarapyndan öndürilýän bugdaý hasyly ilatymyza doly ýetýär. Ýurdumyzda daýhanlara hemme taraplaýyn goldaw berilýär. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny döwrebap ösdürmekde, kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmekde möhüm wezipeleri öňde goýýar. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň dowamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler baradaky maglumatlary diňläp, buýsançly başymyz gök diredi. Çünki olaryň ählisi halkymyzyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşy bilen baglanyşykly. Garaşsyz ýurdumyzda uly guwanç-buýsanç bilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip at berlen şu ýylda dürli görnüşli oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylynyň kemala getirilmegine gönükdirilen giň gerimli işler günsaýyn ýokary depgine eýe bolýar.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýaýbaňlanmagyna ähli şertleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işlerine çäksiz sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda amala aşyrýan işleri mydama rowaçlyklara beslensinǃ
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň baş buhgalteri Ogulsoltan Tälimowa