2023-nji ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip atlandyrylmagynyň özi aýratyn bir uly mana eýe. Munuň özi watanmyzyň ertirki eýeleri bolan ýaşlarmyza bolan uly ynamy alamatlandyrýar. Şu taryhy ýylymyz watanmyzyň ýaşlarynyň durmuşy bilen bagly ägirt uly işler durmuşa geçirilip, ýaşlarmyz üçin iň bir ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolmak bilen taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Esasanda hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyzyn bimoçber aladasy bilen ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin edilen ägirt uly işleriň bimöçberdigini aýratyn bellemek gerek. Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň ýerine ýetirýän işlerini aýtmak bolar. Bu gazna döredilen güninden bäri mümkinçiligi çäkli çagalara kömek bermek, howandarlyga mätäç çagalary hemat bermek ýaly sogaply işleri alyp barýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çagalaryň saglyklary dikeldildi. Ýurdymyz boýunça howandarlyga mätäç çagalara birnäçe keseller boýunça barlag bejergileriň, saglygy goraýyş öňüni alyş bejergileriň geçirilmegi, olaryň saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjin edilmegi ýurdymyzda ýaş nesillerimiz uly üns alada bilen gurşalyp alnandygyna şaýatlyk edýar. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ynsanperwerlik işleri ýüzlerçe maşgalalara bagtyýarlyk eçildi. Bu günki gün saglyklary dikeldilen bagtyýar durmuşuň hözürini görüp ýaşaýan ýüzlerçe çagalarynyň ene atalary hossarlary Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan hoşallyk sözleri egsilmeýär.
Ýaňy ýakynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalar hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň müdürýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisin dowamynda şu ýylyň dowamynda gaznanyň ýerine ýetiren işleri şeyle hem öňde duran wezipeler barada aýratyn nygtalyp geçildi. Şonda gaznanyň hasabyna ýüzlerçe çagalara operatsiýalaryň edilendigi, dürli öňüni alyş bejergi işleriniň geçirilendigi sonuň ýaly hem ýene-de lukmançylyk enjamlarny emeli agzalary satyn almak boýunça degişli resminama gol çekmegi ösüp gelýän bu gaznanyň alyp barýan işleriniň germiniň barha giňeýändigine şaýatlyk edýär. Gazna diňe bir öz ýurdymyzyň däl eýsem dost doganlyk ýurtlaryň çagalaryna hem ynsanperwerlik kömek goldawlary berýar. Muňa mysal edip şu ýylyň dowamynda Türkiýäniň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Palestinanyň çagalaryna ynsanerwelik kömeginiň ugradylandygyny aýtmak bolar.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezinde bejergi alýan we çagalar bagyna gatnaýan körpejiler bilen duşuşmagy, çagalaryň goşgudyr aýdymyň üsti bilen ýürek buýsançlaryny diňlemegi, bagtyýar çagalara täze ýyl sowgatlaryny gowşyrmagy bizin her birimizde Gahryman Arkadagymyza bolan söýgüni has-da artdyrdy.
Ynsanperwelik, mätäje kömek bermek, sahawatlylyk ýaly ýörelgeler biziň ata-baba ýörelgelirimiz. Berkarar döwletin täze eýýamynyn Galkynyşy döwrinde bu ýörelgeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýär.Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyn döredilmegi, bu gaznanyň ýurdymyzda we halkara derejesinde alyp barýan döwletli işleriniň germiniň barha giňelmegi muňa aýdyň mysal bolup durýar. Şeýle sogaply işleriň başynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, halkyň saglygy, abadançylygy, bagtyýarlygy urynda alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýlip atlandyrylan täze 2024-nji ýyl bilen ähli watandaşlarymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy gyzgyn gutlaýaryn. Täze ýylmyz ählimize düşümli, rysgal bereketli döwletli ýyllaryň biri bolsun.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni, Gülhumar HOJAHMETOWA