Türkmen halkynyň gadymdan gelýän baý milli mirasy, edebiýaty bar. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly atamyz XVIII asyrda ýaşan türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Beýik Pyragynyň döredijiligi hakykatdan-da, bir umman. Magtymguly atamyz tutuş adamzada söz mülküni - bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlap ‘’Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy’’ atly döreden şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy. Bu bolsa, öz gezeginde Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň döreden bu goşgusynyň her bir setirinde örän çuňňur many bar.
Türkmen halkymyzda her täze ýyly täze at bilen garşy almak däbe öwrüldi. Ine, bu ýyl 2024-nji ýylyň ‘’Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy’’ diýlip atlandyrylmagy hem munuň aýdyň şaýadydyr. Eýýäm ýylyň adyndan belli bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly atamyza nähili beýik derejede hormat goýýandygyny görýäris. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda belent derejede tutulmagy hormatly Gahryman Arkadagymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändigi bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň edebi mirasyny uly üns we alada bilen gurşap alan türkmen alymlarynyň Magtymguly baradaky pikirlerine giň ýol açan hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň buhgalteri Merjen Abdullaýewa