Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilen ykdysady özgertmeler özüniň bol miwesini eçilip başlady. Ýurdumyzda kabul edilen gysga, orta, uzak möhletleri öz içine alýan milli Maksatnamalarymyzyň esasy özeni ýurduň ykdysadyýetini durnukly ösdümek esasynda halkyň ýaşaýyş durmuşyny has özgertmekden, dünýä maýadarlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan işleri halkara taslamalaryna çekmek, ýurdumyzda erkin ykdysay zolagy kemala getirmek ýaly wajyp meseleleri özünde jemleýär. Ýurda dünýä maýadarlaryny çekmek üçin ilki bilen şol ýurduň ykdysady ösüşi durnukly bolmaly, ýurtda parahatçylyk höküm sürmeli, maýadarlar islendik ugra goýan puluny yzyna almaga ynamy bolmaly. Ine şu beýik ynamy döretmek üçin bolsa biziň ata Watanymyzda ähli şertler bar. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, goramak hakynda kabul edilen kanunlar öz telekeçilerimize ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna maýa goýmaga ynamy güýçlendirse, “Maýa goýumy hakynda”, Daşary ýurt maýadarlary hakynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunlar, “Ekin ykdysady zolak hakyndaky kanunlar dünýä maýadarlaryny ýurdumyza çekmäge giň şertleri döretdi we olaryň ynamyny güýçlendirdi. Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap dünýä ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary saklamakda, halkara, sebit derejesinde ykdysady, medeni, syýasy, ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmakda ynamly ýurt hökmünde özüni dünýä tanatdy. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän nebit-gaz, ulag-aragatnaşyk, energetika we ýen-de onlarça ugurlar boýunça alnyp barylýan işler, geçilen ýollar bu günki gün ata Watanymyza dünýä maýadarlaryny çekmäge giň şertleri döredýär.
Muňa Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda Aşgabat şäherinde “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen halkara derejesinde geçirilen Maýagoýum forumy we sergisi aýdyň şaýatlyk edýär.
Bu günki gün türkmen telekeçileri halk hojalygynyň dürli ugurlary boýunça halkara sertifikatlaryna mynasyp bolýan önümleri bilen dünýä bazaryna çykýarlar. Ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň her gün sanyna san goşulýar. Halkara forumyna gatnaşýan türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan gatnaşýan telekeçileriň telekeçilik işi bilen meşgullanmakda tejribesiniň köpdügine garamazdan öndürýän önümleriniň hil derejesiniň şolaryňkydan kem däldigine guwanýarlar. Olar ýurdumyzda döwlet banklaryndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi, salgyt ýeňilligi, oba hojalyk önümleriniň salgytdan boşadylmagy ýaly ýeňillikler bize güýç-kuwwat berýär diýip buýsanç bilen belläp geçýärler.
Halkara bilermenleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine berýän bahasy, gowşuran resminamalary hem bu günki gün dünýä maýadarlarynyň ynamyny has berkitýär. Aslyýetinde türkmen aga isle goňşusy bolsun, isle ýakyn ýa-da alysdaky adamlar, ýurtlar bilen gatnaşyk edende hakykatçyl bolupdyr, kişiniň malyna göz gyzdyrmandyr. Ine şol ýol-ýörelgäni sapak edinýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky durmuşa geçiren işlerini üstünlikli ösdürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem bu günki gün öz telekeçilerimizede, dünýä nşmaýadarlarynada ata Watanymyzda bilelikde beýik işleri durmuşa geçirmek üçin giň şertleri döredýär.
Ýurdumyzda halkara taslamalary esasynda durmuşa geçirilýän işleriň barha gerimi giňäp biziň ýurdumyza öz maýasyny goýjak dünýä maýadarlarynyň sany gün-günden köpelýär. Ynha ýakynda geçirilen halkara forumynda türkmen telekeçileriniň öndürýän köpugurly önümlerini dünýä ýaýmaga, dünýä maýadarlarynybiziň ýurdumyza çekmäge uly ýol açjakdygyna hiç hili şen-şübhe bolup bilmez. Bu ösüş sepgitlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Ösüş arkaly parahatçylyk” atly ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik işleriň täze bir tarapydyr.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow