Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Biokärhanalarda taýýarlyk işleri alnyp barylýar

Tejen etrabynyň ekerançylary şu günler bitginli hasyl almak ugrunda jan aýaman zähmet çekýärler. Işleri agrotehikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda dogry ýerine ýetirilmegi bol hasyl almagyň kepili bolup durýar.

   Ekine ideg işlerinde zyýankeşlere garşy göreşmek işine uly üns berilýär. Bu ugurda biologiki usula aýratyn üns berilýär. Ekinleriň zyýankeşlerine garşy bu usul peýdalanylanda daşky gurşawa zyýanly täsirini ýetirmeýär. Şeýle hem bu usul özüne düşýän gymmatynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, bu usula bolan isleg artýar. Indi ençeme günden bäri etrabyň biokärhanalarynda emeli usulda köpeldilen altyngözlüjeleri, trihogrammalary ekin meýdanlaryna göýbermek üçin taýýarlyk işleri görülýär. Şeýle biokärhanalaryň Tejen etrabynda birnäçesi hereket edýär. Olardan işiniň ussady bolan Däneçilik daýhan bilrleşigine degişli bolan iki sany biokärhananyň hünärmenleriniň işleri öwgä mynasyp. Olar “Halkara parahatçylyk we ynanşmak” ýylynyň galla hasyly üçin 7643 gektar ýere we Pagta hasylynyň zyýakeşlerine garşy göreşmekde 3330 gektar meýdany bioönümler bilen üpjün etmegi meýilleşdirýärler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň esasy hünärmeni Halmyradow Täçmyrat