Garaşsyzlygymyzdan soň, biziň gazanan ýene bir uly binýadymyz bar, ol hemişelik Bitaraplygymyzdyr. Gök asmanymyzyň hemişe asuda bolmagy Oguz hanyň bäş müň ýyl ozal diliniň dogasyna öwrüp sena edendigi hakykatdyr, açyk asmanyň asuda bolmagy ata-babalarymyzyň ynanjy bolupdyr. Biz halkymyzyň gadymdan gelýän bu ynanjyny Garaşsyz döwletimiziň esasy binýadynyň birine öwrüp, ony kanunlaşdyryp dünýä doldurjagymyza ynandyk. Dünýä dolmagynyň açarynyň asudalykdan başlanýandygyny ilkinji günlerden bäri bilýärdik, hat-da il-günümiz ony goňşyokara tabagyndan başlanýandygyna ynanyp gelipdir. Biz bu hoşniýetli häsiýetimizi has ösdürdik, ony ykdysadyýetimizde Açyk gapylar syýasatyna, daşary syýasatymyzda bolsa hoşniýetli Bitaraplyk syýasatyna öwürdik. Şeýdip başdan “açyk gapyly” Döwletimize 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň ses bermegi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi berildi. Dünýäde ilkinji gezek bitarap döwlet kanunlaşdyrylyp, dünýäniň ýeke-täk resmi Bitarap döwleti bolduk. Bitaraplyk bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga oňyn täsir edýär.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine mydama ygrarlydyr. Ýurdumyz bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň öz daşary syýasatynyň özeni bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny iş ýüzünde hemişe subut edip gelýär. Has takygy soňky ýyllarda gazanylan üstünlikler munuň subutnamasy diýsek ýalňyşmarys. Dünýäde ykrar edilen Milli Lidermiziň – Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda barha rowaçlanýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy mundan beýläk hem halkara jemgyýetçiliginiň öňünde barha şöhratlansyn!
Işankulyýewa Läle
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Görogly
etrap komitetiniň buhgalteri