Berkarar döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýermek arkaly, sebit we dünýä ýurtlary bilen dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde energetika, ulag-aragatnaşyk, suw, ekologiýa, ýokary tehnologiýalar, “ýaşyl ykdysadyýet” we medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty we diplomatiýasy uzakmöhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde amatly ýagdaýlary döretmäge gönükdirilendir. Bu ugurda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy-diplomatik, halkara-hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli usullaryny ulanmak ýurdumyzyň diplomatik gullugyna ýokary talaplar bildirilýär.
Bitaraplyk 28 ýylyň dowamynda halk durmuş keşbine, milli aňyýetiň özüne öwrüldi. Täze taryhymyzyň altyn sahypalaryna ser salanyňda bolsa, geçen gysga döwürde il-ýurt ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygyna göz ýetirmek bolar. Ýurdumyzyň ösüş-özgertmelerine dünýä döwletleri ýokary baha berýär. Hut şonuň üçin hem Bitarap döwletimiz “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary bilen geçýän 2023-nji ýyl döwletimiziň şöhratly taryhyna sahypa bolup girer. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk şanly baýramy we oňa bagyşlanan dabaraly çäreler mähriban Watanymyzyň halkara abraýynyň dabaralanmagynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnama kabul edildi. Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» rezolýusiýasynyň gaýtadan biragyzdan kabul edilmegi hem muny tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolup geçen 71-nji mejlisinde bolsa her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň Bitaraplygy-häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribe esasa daýanyp çözmeklige çalyşmakdyr. Türkmenistan Bitarap döwletleriň hataryna goşulmagy bilen, öz üstüne birnäçe borçnamalary aldy. Türkmenistan umumyadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkar guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy we berjaý edýär.
Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi.
Indi her ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni toý-dabara bilen uludan bellenilýär. Bu biziň halkymyz, döwletimiz üçin Bitaraplygyň bahasyna ýetip bolmajak mukaddes gymmatlygyny görkezýär. Şeýle ajaýyp zamanany, berkararlygy, bagtyýarlygy peşgeş berip, halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadaly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömrleri uzak bolsun, mähriban halkymyzyň hem-de ýurdumyzyň bähbidine alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Marýam Ibadullaýewa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni