Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine öz goşandyny goşup gelýär. Hususan-da, sebitiň döwletleri bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny bellemek gerek. Şol ýörelgeleriň düýp esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty durandyr. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, bu guramanyň ýörelgelerini halkara bileleşigi bilen özara gatnaşyklara doly laýyk gelýän maksatlar hökmünde kabul etdi. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 30 ýylynyň içinde eziz Diýarymyz dünýä döwletleri bilen iki taraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy düýpli ösdürdi. Eziz Diýarymyz dünýä ýüzünde ynsanperwerlikli, adalatly we döredijilikli tertip-düzgüniň berkarar bolmagy, dürli ýurtlaryň hem-de yklymlaryň ýakynlaşmagy, ählumumy parahatçylygyň, haýyrly işleriň bähbidine halklaryň arasyndaky dostana gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Halkara giňişlikde Türkmenistan ähli meseleleriň diňe syýasy we diplomatik serişdeler arkaly çözülmeginiň tarapdarydygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny amala aşyrmakda Bitaraplyk hukuk ýagdaýy wajyp ähmiýete eýedir. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi eziz Watanymyzyň alyp barýan parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrýan syýasatynyň binýadynda duran milli gymmatlygymyzyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.
Bedew batly ösüşleriň täze gözýetimlerini açyp, mähriban halkymyzy beýik işlere we ýokary sepgitlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertbesini has-da belende galdyrmaga gönükdirilen beýik başlangyçlary rowaçlyklara bslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Jennet Saparowa