Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda her bir günümiz toýdur baýramlara şanly senelere beslenýär. Ynha hem bu günler gözel ülkämize hemişelik Baky Bitaraplygyň şanly 29 ýylyk toýy ýetip gelýär.
Bitaraplyk bu biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. Hemmämiziň bilşimiz ýaly 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 50-nji Assambleýasynda 185 döwletiň goldamagynda biziň Türkmenistan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ýetdi. Bitaraplyk bu biziň milli buýsanjymyz we guwanjymyzdyr. Bitarap döwlet bolup ýaşamak bu örän uly bagtdyr. Bary ýogy 29 ýylyň dowamynda Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Ine şol sebäpli hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli aýdym sazly baýramçylyk dabaraly çäresini geçirdi. Bu dabaraly çäre Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň ähli jogapkär işgärleri, il ýaşulylary, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň işjeň öňdebaryjy agzalary uly höwes bilen gatnaşdylar. Dabaraly çäreniň dowamynda medeniýet işgärlerimiz özüniň aýdym sazlary, tanslary bilen biziň ählimizde uly täsir galdyrdy. Dabaraly çäreniň dowamynda işjeň gatnaşýan partiýaň agzalary Halkara Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli öz ýürek buýsançlaryny aýtdylar. Bize şeýle ajaýyp asuda eşretli zamanany peşgeş beren halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak il ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň başlygy M.Hemraýew