Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bitaraplyk-Parahat durmuşuň kepili.

 Mälim bolşy ýaly, şu ýyl eziz watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite kararnamalary bilen, ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukugyna eýe bolmagyna 29 ýyl dolýar. Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy ýylymyzda ýurdumyz toý lybasyna beslenip halkara Bitaraplyk baýramyny şatlyk, şowhun uly dabara bilen toýlaýar.

         Türkmenistan watanymyz dünýäniň ähli döwletleri bilen ysnyşykly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar, ony tutan ýerlilik bilen ösdürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde watanymyzyň öňe sürýän teklipleriniň agramly bölegi halklaryň, dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy esasynda we ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi baradadyr. Ylmyň dürli ugurlaryndan kämil baş çykarýan alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň pederlerimiz dünýäde tanalyp başlan ilkinji günlerinden şol döwrüň ähli ynsanlaryny bir hakykat- bu halkda jemgyýetiň adalatly gurulandygy haýran galdyrypdyr. Hat-da Grek we Rim taryhçylary Türkmenleriň rehimdardygy, wepadarlygy dostanalygy hakynda ýazypdyrlar.

Ine şu günki günde watanymyz sebitde, ylalaşdyryjy  merkez hukuk ýagdaýyna eýedir. Ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlary we derwaýys meseleleri boýunça halkara giňişlikde öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanylýar.Dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklarnyň şeýle berkliginiň düýbünde biziň Garaşsyzlygymyz hem-de Bitaraplygymyz ýatyr. Pähim-Paýhas Ummany, Magtymguly Pyragy ýylynda ajaýyp ertirlere sary, batly gadamlar bilen, barýan eziz diýarymyzda ähli ulgamlar bilen, bir hatarda ylym-bilim ulgamy hem ýokary derejeler bilen ösýär. Syýasy taýdan durnukly we agzybir jemgyýetimizde asuda ýaşaýan halkymyzyň öňünde goýulan wezipeleri ynam bilen amala aşyrmaga her bir ynsanyň arassa, halal, zähmete bolan ajaýyp garaýşyny kemala getirýär. Türkmenistanymyzyň şeýle ajaýyp ösüşlerine biziň her birimiziň şahsy goşantlarymyzy goşmaga, zähmet çekmäge kalbymyzda Garaşsyz hem Bitarap watanymyza bolan söýgüni has hem, belende göterýär. Parahat ilde şan-şöhrata beslenen Bitaraplyk toýunyň dabarasy dag aşýar.Bu ajaýyp sene taryhymyzyň sahypalarynda altyn harplar  bilen ýazylýar.Islendik adamyň kalbynda täze bir joşguny kemala getirýär.Şeýle taryhyň altyn harplar bilen ýazylýan pursadynda, bu topragyň her bir güni toý, dabaralara,şatlykly wakalary bu gün göwünleriň ylhamy bolup goşulşyp gidýär. Halkara Bitaraplyk toýumyz mynasybetli geçirilýän halkara forumlaryň we medeni köpçülikleýin çäreleriniň bu halkyň, dostlukly gatnaşyklarynyň ajaýyp miwesidir.

   Dünýä ýurtlarynyň nazary düşen topragymyzda amala aşyrylýan, özgerişlikleriň  gülläp ösüşleriň esaslarynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň iňňän uly tagallalary ýatyr.

  Berkarar döwletimiziň, täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Parahat söýüjilik syýasatyny äleme ýaýýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen, döwletimiz we halkara ähmiýetli tutumly işleriniň , rowaç bolmagyny janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin. Şeýlede Halkara Bitaraplyk güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bütin türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

 

Türkmenistanyň agrar partiýasynyň Lebap welaýat Türkmenabat şäher  komitetiniň “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebindäki agrar partiýanyň ilkinji gurama

başlygy: M. T Hydyrow