Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda barha rowaç alýan ‘’Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar’’ ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär.
Baky bagtdan paýyny tapan türkmen halky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. Bitaraplyk - türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çür başy.
Hemişelik Bitaraplygymyz biziň Garaşsyzlygymyz ýaly ýakymy bilen, dabarasy soňlanmajak baýramymyz. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk – bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan bolsa Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzdyr. Hemişelik Bitaraplyk hakynda gürrüň açylanda, türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köpri göz öňüňde janlanýar. Ol döwletimiziň geljekki belent ösüşlerine sary uzaýan altyn geçelgedir.
Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi gadymy döwürlerden bäri dana hem merdana pederlerimiziň durmuşa, özbaşdaklyga bolan ynsanperwer garaýyşlaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Aslynda-da, ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylyk ýörelgesi türkmen halkynyň aňyýetine, häsiýetine mahsus sypatlardyr. Pederlerimiziň bu adalatly ýörelgeleri bu günki günde döwlet syýasatymyzda öz hakyky mazmunyna eýe bolýar. Muny Türkmenistan döwletimiziň häzirki wagtda BMG-nyň iň ynamdar we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň birine öwrülendigi bilen kesgitläp bolar.
Bu günki dünýäde dostlugyň, parahatçylygyň, birek-birege ynanmagyň, ynsanperwerligiň mekany saýylýan Türkmenistan Watanymyzyň Zemin içre abraýy, meşhurlygy has-da artýar. Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiz Zeminiň dürli yklymlarynyň ýurtlary bilen örän ykjam, ysnyşykly dostana gatnaşyklary ýola goýdy. Öz gözbaşyny türkmeniň hüý-häsiýetinden, edim-gylymyndan, däp-dessuryndan, medeni mirasyndan alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk derejämiziň sözüň doly manysynda nusgawy Bitaraplykdygyny we onuň ýer ýüzüne giňden dabaralanýandygyny döwür aýdyň subut edýär.
Hemişelik Bitaraplyk diýmek, rowaçlyk, asudalyk, bagtyýarlyk, ebedi parahatçylyk diýmekdir. Parahatçylyk bolsa, ähli eşretleriň gözbaşydyr.
Goý, dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary amal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Merjen Abdullaýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň buhgalteri.