Azyk bolçylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmekde etrabymyzyň Ýalkym daýhan birleşigi her ýyl guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem bol galla hasylyny ösdürüp ýetişdirmek hojalygyň işçi hünärmenleriniň, kärendeçileriň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň galla hasyly üçin geçen ýylyň güýzinde 2100 gektar ýere ekiş geçiren bu hojalygyň 618 kärendeçisi şonça ýerde gowy gögeriş gazandylar.
Hojalygyň galla kärendeçileriniň her biri özleriniň eýeçiligindäki ýerleri uly alada bilen gurşap ähli agrotehniki çäreleri ýokary hilli berjaý edýärler. Şunlukda al ýaşyl öwüsýän bugdaý meýdanlary ýeterlik mukdarda mineral dökünler bilen kemsiz iýmitlendirýärler, ösüş suwuny talabalaýyk öz wagtynda tutulýar. Ak ekinleri iýmitlendirmekde hojalygyň “MTZ-80” kysymly traktorynyň 3-niň güýjinden peýdalanylýar. Olara erk edýän mekanizatorlar Arazmyradow Artykmyrat, Kakaýew Döwletgeldi, Tagandurdyýew Amangeldi özlerine berkidilen işlere örän jogapkärli çemeleşip ýokary hilli derejesine ýokary hil derejesinde ýerine ýetirýärler. Şeýle hem suw soryjylarynyň 3-si gije-gündiziň dowamynda saz işledilip, her güni 59 gektar ýere ösüş suwy tutulýar. Bu bolsa bugdaý maýsalarynyň kadaly boý almagyna uly mümkinçilik berýär. Bahar paslynyň gelmegi bilen gün günden bol hasyl toplaýan bugdaý maýsalaryny synladygyňça synlasyň gelýär. Bu owadan görnüşler bol hasyldan habar berýär. Öňde baryjy kärendeçilerden Hallyýew Arazdurdy, Muhammedow Güýçmyrat, Welmedowa Gülälek dagylary aýtmak bolar. Olar özleriniň çekýän ýadawsyz zähmetleri bilen hojalygyň beýleki kärendeçilerine görelde bolýarlar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň S. Türkmenbaşy etrap komitetiniň buhgalteri Saparow Döwletgeldi Amangeldiýewiç