Soňky ýyllarda daýhan birleşiklerde, daýhan hojalyklarda bugdaý gowaça bilen bir hatarda gök-bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi ýola goýuldy. Munuň özi ilatymyzy gündelikde sarp edilýän gök bakja önümler bilen ygtybarly üpjün etmek bilen bir hatarda daşardan gelýän harytlaryň mukdarynyň ep-esli azalmagyny uly mümkinçilik berdi. Ynha häzirki wagtda hem Daşoguz welaýatynyň oba hojalykçylary güýzlik bugdaýlara ideg etmek gowaça ýazky gök bakja ekinlerini geçirilmegi göz öňünde tutylan ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işlerini barha batlandyrýarlar. Bu ugurda welaýatymyzda her ýyly gök bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirýän Akdepe etrabynyň gök ekerançylarynyň alyp barýan işleri bellenmäge mynasyp. Şu ýyly etrap boýunça 3440 ga ýere ýer alma ekişi geçirilmegi göz öňünde tutylan. Munuň üçin etrabyň gök ekerançylaryň 1800-den gowragy daýhan birleşik bilen şertnama baglaşdylar. Bu kärendeçileriň ählisi hem ene ýere yhlasyn siňdirip her ýyly ýer alamanyň bol hasylyny ýetişdirmekde adygan daýhanlar bolup durýar. Şolaryň birnäçesiniň atlaryny agzap geçsek ýerlikli bolsa gerek. N.Andalyp, Ö.Ärsaryýew, Şabat, Ak-Altyn daýhan birleşikleriň gök ekerançy kärendeçileri görkezmek bolar. Bu gök ekerançylar ýeralmanyň ekiş geçirmegi göz oňünde tutylan ýerleri ekiş möwsümine birkemsiz taýýarladylar. Çuň sürüm, tekizleme, suw tutmak ýaly işleri öz wagtynda ýokary hilli geçirdiler. Häzirki wagtda mazaly suwdan ganan ýerler taba gelip baslady. Şeýle hem kärendeçileri welayatymyzyň toprak howa şertlerine oňat uýgullaşan ýeralma tohumlary taýýarlandy. Şu ýyly ýeralmanyň ekişine etrap boýunça 23 tehnika gatnaşmagy göz öňünde tutylýar. Ekiş möwsüminde ulanyljak sürüm, tekizleme, ekiş traktorlary hem abatlanyp ekiş möwsümine taýýar halatyna getirildi. Ähli taraplaýyn ekiş möwsümine ykjam taýýarlygyň görülmegi ýeralmanyň ekişini bellenen wagtda geçirmekligine uly mümkinçilik berýär. Ir eken hasyl alar diýilsi ýaly ekişin öz wagtynda geçirilmegi bolsa Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ýeralmanyň bol hasylynyň ösüp ýetişmegine şert döredýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Çynar Berdikulyýewa.