“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly ajaýyp we taryhy wakalary bilen Berkarar Watanymyzyň şöhratly taryhynda altyn harplar bilen orun alýar. Şu ýylda täze bir eýýama- Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe badalga berilmegi ýurdumyzy täze belentliklere alyp barýar, agzybir halkymyzy bagtyýarlyga besleýär. Bu hem biziň buýsançly göwünlerimizi has-da galkyndyrýar.
Berkarar Watanymyzyň ykdysadiýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagy uly ösüşlere beslenýär. Ajaýyp döwletimizde oba hojalyk pudagynyň ösmegi, kuwwatlanmagy, daýhanlarymyzyň önjeýli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Daşary ýurtlardan satyn alynýan dünýäniň iň kämil tehnikalary daýhanlaryň daýanjydyr, ganatydyr. Oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde sahawatly topragymyzyň bereketine bereket goşulýar. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredýär, milli ykdysadiýetimizi ýokarlandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy, il sylagly ýaşulylarymyzyň “Bisimillasy” bilen asylly däbe eýerip, pirleriň-erenleriň mekany bolan Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň daýhan birleşiginde ýagşy arzuw, dilegler edilip zähmetsöýer babadaýhanlarymyz bereketli topragymyza gowaça tohumyny atyp, sogaply işe girişdiler. Mele toprakdan kemal tapan edermen pagtaçylar şu ýyl daýhan birleşik boýunça 1000 gektar ýere gowaça ekişini geçirmegi meýilleşdirýärler. Möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişinde toparlaryň 2 sanysy döredilip, olarda sürüm traktorlarynyň 4 sanysy, boronamala çekijileriň 4 sanysy, tohum ekijileriň 2 sanysy, ýangyç çekijileriň 1 sanysy sazlaşykly işledilýär. Häzirki gyzgalaňly dowam edýän gowaça ekişinde Begli Täçmedow, Bagtyýar Mätýakubow, Akmyrat Mätjanow, Gulgeldi Hojageldiýew ýaly gaýratly mehanizatorlar göreldeli zähmet çekip has tapawutlanýarlar.
Gaýratly mehanizatorlar we pagtaçylar ajaýyp döwletimizde oba hojalyk pudagynyň ösmegi, kuwwatlanmagy, daýhanlarymyzyň önjeýli zähmet çekmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň S. Türkmenbaşy etrap komitetiniň buhgalteri Saparow Döwletgeldi Amangeldiýewiç