Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine, onuň iň soňky gazananlarynyň we täze tehnologiýalarynyň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Oba hojalygyny ylmy esasynda alyp barmak bilen, ýerden suwdan, tehnikadan, dökünden netijeli peýdalanmak, ekinleri toprak – howa şertlerine laýyk ýerleşdirip, ekologiýa taýdan arassa önüm öndürmek ugrunda Dänew etrabynyň edermen babadaýhanlary hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 2024-nji “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şu günleri Dänew etrabynyň bugdaý ekilen, ekin meýdanlarynda endigan gögeriş alyp, ör boýa galan bugdaý maýsalary häzirki wagtda maýsaly meýdanlarlarda suw we ideg işleri alnyp barylýar. Etrabyň tejribeli edermen gallaçy kärendeçi babadaýhanlary maýsalaryň idegini ýetirmek boýunça işleri aýratyn ähmiýet berýärler. Dänew etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň sünneläp senet edinen daýhançylyk kärlerinde bugdaý meýdanlarynda endigan gögeriş alan maýsaly bol penjeläp boý alan bişip başlan ekin meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, dökün iýmitlerini bermek işlerini şeýlede bugdaýa ideg etmek işlerinde tapawutlanýarlar.Olar bu jogapkärli işiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýerine ýetirilmegini gazanýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oba hojalyk pudagy syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir. bu syýasat döwletimiziň ykdysady kuwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Oba hojalygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyyň bäsdeşlige ukuplylygyny artdyrmaga, azyk howupsyzlygyny berkitmäge we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny yokarlandyrmaga uly ýardam berýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileri durmuşa geçirilýän netijeli çäreler bu ulgamda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa düýpli geçirmek baradaky maksatnamalaryny, daşary we içeri syýasatlaryny oba hojalyk pudagynda, edaradyr, kärhanalarda, zähmet çekýän raýatlaryň arasynda wagyz -nesihat işlerini, aýdym sazly we.ş.m çäreleri geçirmek. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň esasy maksatnamasydyr. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tertipnamasynda hem Maksatnamasynda bellenilen maksatlara ýetmek we wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, umumy bähbitlerden ugur alýarys . Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz üçin edýän bimöçber atalyk aladalaryna, sylag hormatyna mynasyp zähmeti bilen jogap bermek ugrunda çalyşýarys, bize işlemäne döretmäne,şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömrleri uzak, belent başy aman bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň esasy hünärmeni Dilraba Şaýmerdanowa