Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymyna ykjam taýýarlyk görýärler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 22 müň gektar meýdanda gowaça ýetişdirýän etrabyň “ak altyn” ussatlary häzirki günlerde ekiniň ideg işleriniň soňky tapgyrlaryny ýerine ýetirýärler.
Möwsüme gatnaşdyryljak pagta ýygyjy kombaýnlary doly taýýarlyk hatarynda goýmakda “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleriniň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Olar kombaýnlaryň her birini gözden geçirip, möwsüme taýýarlaýarlar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda hem möwsüme göwnejaý taýýarlyk görülýändigini hem bellemek gerek.
Etrabyň “Türkmenistan”, “Parahat” daýhan birleşiklerinde, “Edermen pagtaçy”, “Ýaz meýdan” daýhan hojalyklarynda pagta ýygymyna taýýarlyk işleri has-da guramaçylykly barýar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň wekilleri bolup, şu günler oba zähmetkeşleriniň armasyny ýetirip durýarys hem-de pagta ýygymyna taýýarlykly barmagyň ähmiýetini düşündirýäris.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy Tawus BEKNAZAROWA