Kärendeçileriň ýylyň ähli döwründe iş aladalary özlerine ýetik bolýar. Tebigata jan girip bahar paslynyň barha golaýlaşmagy bilen kärendeçileriň möwsümleýin meýdan işleri barha artýar. Şu günlerinde kärendeçiler ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, güýzlik bugdaýlara göreldeli ideg etmek ýaly möwsümleýin meýdan işlerini barha batly depginlerde dowam etdirýarler. Köneürgenç etrabynyň galla kärendeçileri 17500 gektar ýerde ekilen güýzlik bugdaýlara ideg işlerini häzirki güniň talaplaryna görä berjaý edýärler. Bugdaý maýsalaryny göreldeli ideg etmekde etrabymyzyň Zaman daýhan birleşiginiň galla kärendeçileri aýratyn tapawutlanýarlar. Ýakynda etrabymyzda öňdebaryjy daýhan birleşikleriň hatarynda tanalýan Zaman daýhan birleşiginiň başlygy Eziz Saparow bilen duşuşyp daýhan birleşikde alnyp barylýan işler dogrysynda söhbetdeş bolduk.
- Güýzlik bugdaý ekişi geçirilen 900 gektar ýerden şu ýyly 1670 tonna galla hasylyny ösdürip ýetişdirmegi göz öňünde tutýarys. Bu ugurda kärendeçileriň 65-den gowragy iş alyp barýarlar. Mineral dökünler, ders çüýritgisi bilen goşmaça iýmitlendirýärler. Bu işde daýhan birleşikleriň tehnikalarynyň 2-niň güýjinden peýdalanylýar. Al-ýaşyl öwsüp ýatan ýaşajyk bugdaý maýsalaryny göreniňde gözüňi dokundyrýar. Hasylyň bol bereketli bolşy ýylyň gelşinden belli diýlen ata-baba aýdylýan jümleler bar. Şu ýylymyz hem ýagyş-ýagmyrly ygally geldi. Ýagyşdyr-garyň ýagmagy bugdaý maýsalary üçin örän ähmiýetli. Çünki ygalyň kömegi bilen bugdaý maýsalaryna berilýän mineral dökünler, ders çüýritgesi gowy siňýär. Bugdaý maýsalaryna birinji ösüş suwyny tutmagada girişdik. Bugdaý meýdanlarymyz ene ýaplardan we suw soryjylaryň kömegi bilen suwarylýar. Miraplar, topar ýolbaşçylar suwyň talabalaýyk tutylşyna gözegçilik edýärler. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bol galla hasylyny ösdürip ýetişdireris. Hormatly Prezidentimiziň gallanyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak bilen bagly çözgütleriniň kabul edilmegi, biz oba hojalykçylary diýseň begendirdi. Munuň kärendeçi babadaýhanlary işe bolan höwesini artdyrmaga, öňkiden-de gaýratly zähmet çekmäge şu taryhy ýylymyzda bol galla hasylynyň ýetişmegine uly mümkinçilik berer diýip gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA