Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bugdaý oragy gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.

Oba hojalyk pudagy ýurdymyzyp ykdysadyýetinde iň uly pudaklaryň hatarynda durýar. Hut şunuň üçin hem bu pudagy ösdürmäge, kämilleşdirmäge aýratyn uly üns berilýär. Kärendeçi babadaýhanlar ýokary hilli tohum, dökün, suw, himiki serişdeler bilen doly üpjin edilýär. Daşary ýurtlaryň iň kämil ýokary iş öndürjilikli tehnikalary olaryň tirkeg gurallary bilen yzgider satyn alnyp, öňki tehnikalaryň üsti ýetirilýär. Daýhanlar bilen öndüren önümleri üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlary ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Munuň özi her bir kärendeçiniň işe bolan höwesini artdyryp, bol hasyl ösdirip ýetişdirmäge uly mümkinçilik berýär. Peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz kärendeçi daýhanlara işlemek üçin ähli mümkinçilikleri döretmek bilen bir hatarda, olar bilen iş üstinde duşuşyp, kärendeçi babadaýhanlaryň armasynyny hem hem ýetirýär. Ynha ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşigine iş saparyny amala aşyryp, bugdaý oragyna ak pata berdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz kärendeçi bilen duşyşyp, onuň maşgala ýagdaýy, iş şertleri bilen içgin gyzyklandy, kärendeçä öziniň şa serpaýyny ýapdy. Munuň özi her bir kärendeçiniň işe bolan höwesini artdyryp öňkidende gaýratly zähmet çekmäge uly güýç kuwwat berýär.

        Şol güni goýny 360 pirli Daşoguz welaýatynyň edermen babadaýhanlary hormatly Prezidentimiziň ak patasy, il sylagly ýaşulylarymyzyň bisimillasy bilen bugdaý oragyna guramaçylykly girişdiler. Häzirki wagtda bugdaý oragy welaýatymyzyň ähli etraplarynda gyzgalaňly alnyp barylýar. Orak möwsüminde ýokary iş öndürjilikli kombaýynlar  iki çalşykda iş alyp barýarlar. Her bir kombaýyna köp iş ýyllyk iş tejribesi bar mehanizatorlar, kömekçi mehanizatorlar berkidilip, kombaýynlaryň elmydama saz işlemegini gazanýarlar. Şeýle hem taýýar hasyly awtoulag kärhanasyna we beýleki edara-kärhanalara, şahsy hojalyklara degişli bolan ýük awtoulaglaryň müňlerçesi galla kabul ediş nokatlara daşamakda gaýratlylyk görkezýärler. Etraplarda goçme abatlaýjy toparlaryň hem onlarçasy döredilip, bu toparlar orak möwsümine gatnaşýan tehnikalara zerur bolan tehniki hyzmatlary görkezip, tehnikalaryň saz işlemegi üçin ähli zerur çäreleri görýärler. Ähli işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde welaýatymyzda galla oragy ýokary depginlerde barýar, galla harmanlarymyz barha beýgelýär.

        Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat, etrap komitetleriniň işgärleri galla oragy möwsüminde oba zähmetkeşleriniň aralarynda bolup, olaryň armasynyny ýetirýäris. Günortanky arakesme wagty aýdym-sazly medeni dynç alyp çäreleri guraýarys. Öňdebaryjylary hormat hatlar, ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglaýarys. Munuň özi oba zähmetkeşleriniň öňkiden-de gaýratly zähmet çekmekligine uly badalga berýär.

Hormatly Prezidentimiz Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris diýip örän jaýdar belleýär. Agzybirlikde çekilen zähmet elmydama öziniň guwandyryjy netijesini hem berýär. Munuň şeýledigine ykdysadyýetimizde uly orny eýeleýän oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň, ýetilýän belent sepgitleriň mysalyndan hem aýdyň görmek bolýar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän ähli mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýan ýurdymyzyň zähmetsöýer babadaýhanlary diňe bir gowaça, bugdaý däl eýsem ilatymyzyň gündelikdi köp isleg bildirýän gök-bakja, miwe ekinlerini hem ösdürip ýetişdirip, mähriban Watanymyzda azyk bolçylygynyň döredilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Saçaklarymyzyň mele-myssyk nandan, ak bazarlarymyz ýylyň ähli döwrinde gök-bakja, miwe önümlerden doly bolmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

 Daýhanlaryň işlemekligi bereketli türkmen topragyndan bol hasyl ödürmekligi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Çynar Berdikulyýewa.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz

welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.