Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesil üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Muňa çaga dünýä inen gününden 3 ýaşyna çenli kömek pullaryň, çaga dogulan wagty birwagtlaýyn tölegleriň tölenmegi, çagalar baglarynda, ak mekdeplerde, çagalar dynç alyş merkezlerinde çagalar üçin edilýän yzygiderli aladalary tymsal getirse bolar. Garaşsyzylyk ýyllary içinde Türkmenistan çagalaryň hak-hakunlaryny goraýan halkara konwensiýalarynyň agzalygyna girdi.
Her ýylyň iýun aýynyň 1-i Çagalary goramagyň halkara güni hökmünde bütin dünýäde bellenip geçilýär. Bu bütindünýä baýramy ata Watanymyzda hem uly ruhybelentlikde bellenilip geçilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda Lebap welaýatynda hem çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Ine şeýle çäreleriň biri-de ýakynda TAP-nyň Lebap welaýat, Dänew etrap komitetleriniň we Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda Dänew etrabynda ýerleşýän Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda geçirildi. Dabaraly gezelenje Agrar partiýasynyň işjeň agzalary, Dänew etrabynyň mekdep mugallymlary, 4-nji we 5-nji synplarda okaýan mekdep okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Dabaraly gezelenje gatnaşyjylar ilki goraghananyň muzeýinde ýerleşdirilen eksponatlar bilen tanyşyp, Amyderýa döwlet tebigy goraghanada ýaşaýan ýabany haýwanlar, guşlar, ösümlikler, suwda ýaşaýan jandarlar barada giň düşünje aldylar.Soňra çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp gurnalan gezelenje gatnaşyjylar goraghananyň janly muzeýinde saklanýan sugunlary, keýikleri, keýikleriň çagalaryny we ýene-de birnäçe guşlary, ýabany haýwanlaryň dürli görnüşlerini ýakyndan synlamaga mümkinçilik tapdylar. Gezelenjiň dowamynda goraghananyň içinde ýabany haýwanlaryň ýaşamagy üçin döredilen tebigy sähralanlara, sazak ekilen emeli tokaý aýlanylyp görüldi. Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyna gurnalan gezelençde goraghana işgärleri, Agrar partiýanyň işjeň agzalary ýaş nesle goraghananyň çäklerinde ýaşaýan haýwanlar, jandarlar, guşlar we ösümlikler barada, wagtlaýyn düşülip geçýän guşlar barada täsirli gürrüňler berdiler.
Bu gurnalan gezelenç mekdep okuwçylaryň durmuşynda iň bagtly pursada öwrülip, tebigata bolan söýgülerini has berkitmäge, diňe teleýaýlymlarda, kitap sahypalarynda gören sugun, keýik ýaly gyzyl kitabymyza giren jandarlary ýakyndan synlamaga giň mümkinçilikleri açdy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdir Bagtyýar Derkarow