Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Çagalaryň bagtyýarlygy-Watanymyzyň buýsanjy

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap mekdepleriň,çagalar baglarynyň, sport, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň iň bir gözel ýerlerininiň biri bolan Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Altyn Damja” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde hem ýatdan çykmajak pursatlara beslenen tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Merkezde dynç alýan çagalar öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirip, bu ýerde kitap okamak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, surat çekmek, küşt oýnamak, suwda ýüzmek, aýdym aýtmak, saz çalmak, sport bilen meşgullanmak bilen wagtlaryny gyzykly geçirýärler.

Şeýle hem, ÇSM-de labyzly okamak, aýdym-sazlary ýerine ýetirmek, sahna goýmak boýunça döredijilik bäsleşikleri geçirilýär, umuman, bu çärelerde çagalaryň her biri öz mynasyp ornuny tapýar hem-de ukyp-başarnygyny açyp görkezýär. 

Çagalar sagaldyş merkezlerinde geçirilýän her bir gün çagalara ýatdan çykmajak dynç alyş günlerini, jana şypaly arassa howany, daşky gurşawyň gözelligini peşgeş berýär. 

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda “Altyn Damja” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde Çagalaryň tomusky dynç alyş döwrüni gyzykly geçirmek maksady bilen sport çäresi geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenen bu sport çäresinde tapawutlanan çagalara sowgatlar gowşuryldy.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin nusgalyk işleri amal edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Mekan ATAGELDIÝEW

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Aşgabat şäher komitetiniň

Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni