Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýleki pudaklar bilen deň hatarda oba hojalyk pudagy hem ösüşlere beslenýär.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Hormatly Prezidentimiziň Agrar syýasaty esasynda Milli Liderimiziň oba senagat toplumyny iň düşewüntli pudaga öwürmek boýunça başyny başlan döwletli başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Dänew etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly durmuşa geçirilýän günlerinde pileçi, pagtaçy, gallaçy we aralyk ekinleri ekip, ene ýere maňlaý derleri bilen halal hyzmat edýän kärendeçilerimiziň, mülkdarlaryň armasyny ýetirmek maksatly medeni çäreleri gurnap, ruhy goltgy berýärler.
Ynha, şeýle medeni çäreleriň biride Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Dänew etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda Dänew etrabynyň Ýalkym daýhan birleşiginiň pileçi, bugdaý, pagta we aralyk ekinleri eken kärendeçileriniň, bagbanlarynyň arasynda geçirildi. Medeni çäreniň dowamynda wagyz-nesihat çäreleri hem geçirilip, Dänew etrabynyň kärendeçilerine Hormatly Prezidentimiziň Agrar syýasaty esasynda durmuşa geçirilýän işler, döredilýän giň şertler, öňde duran wajyp wezipeler giňden düşündirildi we wagyz edildi.
Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Dänew etrabynyň pileçileriniň, bagbanlarynyň, kärendeçileriniň durmuşa geçirýän işlerini ýanyndan synlap, olara ýurdumyzda uludan toýlanýan Hasyl toý baýramyna zähmet ýeňişleri bilen barmaklaryny arzuw etdiler.
Soňra medeni çäre gatnaşyjylar wagyz-nesihat çäresini Dänew etrabynda hereket edýän 50 müň tonna bugdaýy saklamak üçin niýetlenen kuwwatly elewatorda dowam etdirdiler. Milli Liderimiziň ak patasy bilen ulanmaga berilen kuwwatly elewatoryň bugdaý saklanýan ýerlerini, barlaghanasyny, dynç almaga döredilen şertler bilen ýanyndan tanyşdylar. Soňra wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden işjeň agzalarymyz bu kuwwatly kärhanada zähmet çekýän işgärlere ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işler, galla oragyna görzlýän taýýarlyk işleri, oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän işgärlere döredilýän şertler barada gürrüň berdiler.
Çykyş edenleriň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ösdürip, ajaýyp durmuşy bagş eden Milli Liderimize, bu ýörelgäni üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirip, berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölümüniň müdiri
Bagtyýar Derkarow