Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba senagat toplumynda hem uly ösüşler, zähmet ýeňişleri gazanylýar. Gazanylýan ösüşleriň, ýetilýän belent sepgitleriň sakasynda “Döwlet diňe halky bilen döwletdir! Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýip gije-gündiz yzygiderli öz halkynyň aladasyny edýän, raýatlara ähli şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt Watan ähmiýetli kömek-goldawlary dur.
Oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän oba hojalyk işgärleriniň işleriniň gün-günden ilerlemegi, ýerleriň hasyllygynyň ýokarlanmagy, oba hojalyk pudagynda el zähmetini azaltmak maksatly kuwwatly tehnikalaryň satyn alynmagy, oba hojalyk pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, damjalaýyn usulda suwarylýan ýerleriň geriminiň barha giňemegi, daýhanlara döwlet banklaryndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi, hasaplaşyk işleriniň öz wagtynda geçirilmegi babadaýhanlarymyzyň gurplanmagyna we pudagyň iň düşewüntli pudaga öwrülmegine giň ýol açdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Gadymdan gelýän daýhançylyk düýplerimiziň häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyryp, ýokary hasyl almagy başarýan ussat babadaýhanlarymyza gelejekde hem halal baýamak, çeken durmuşda ýaşamak, ýaş, başarjaň daýhan neslini ýetişdirmek üçin ähli mümkinçilikleri dörederis” diýen jaýdar sözlerini nusgalyk ýörelge edinip, Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda ýaş, başarjaň daýhan nesliniň kemala gelmegi ugrunda giň şertleri döredýär.
Biz ýaş, öz kärine ökde ýaş daýhan nesliniň barha sanynyň köpelýändigine, halypa-şägirtler ýolunyň ýurdumyzda dabaralanýandygyna ýakyn Halaç etrabynda oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän işleri ýakyndan synlanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik.
Biz wagyz-nesihat toparymyz bilen Halaç etrabynyň Pelwert daýhan birleşiginiň altynjy kärendeçiler toparynda bugdaý oragyny tamamlaýjy tapgyrda ýerine ýetirip ýören bugdaýçy kärendeçiler bilen söhbetdeş bolanymyzda, olardan ene ýerden bol hasyl ýetişdirmek üçin, ýetişen bugdaý hasylyny orup, döwlet harmanyna tabşyrmak üçin, bugdaýdan boşan ýerlerine sürüm işlerini geçirip, aralyk ekinleri ekmäge döredip beren giň şertleri üçin Arkadagly Serdarymyza aýdan alkyşly sözlerini diňlemek juda ýakymly boldy.
Soňra biz wagyz-nesihat toparymyz bilen Halaç etrabynyň Pelwert daýhan birleşiginde zähmet çekýän pagtaçy kärendeçileriň armasyny ýetirenimizde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bejergi işlerini geçirip, ikinji gezek gowaçalara mineral dökün berip ýörän, gowaça meýdanlaryny ikinji suwuna ýanyp ýören edermen kärendeçileriň eýýäm gunçalap başlap ese-boýa galan gowaçalaryny synlap, olara zähmet ýeňişlerini arzuw etdiler.
Pagtaçy kärendeçilere ýurdumyzyň Agrar syýasaty barada wagyz-nesihat işlerini geçirip, soňra wagyzçylar bolup Halaç etrabynyň Pelwert daýhan birleşiginiň şaly ekip ýören, şalydan eýýäm gowy gögeriş alyp, birinji mineral dökünlerini berip ýören zähmet gahrymanlarynyň armasyny ýetirmek, biri-de ruhy güýç, ildeşlerimiziň azyklyk tüwi önümine bolan isleginiň täze hasyllar bilen üsti ýetiriljekdigine bolan ynamymyz has-da berkedi.
Şol gün wagyz-nesihat toparymyz bolup, Halaç etrabynyň J.Mähremow adyndaky daýhan birleşiginiň bagbançylyk toparynyň bagbanlary bilen söhbetdeş bolmak, olara ýurdumyzyň Agrar syýasatyny düşündirmek, bagbanlaryň kemala getiren bagyna ýetişen miweleri ýanyndan synlamak, erik bagyna salym edýän bagyň arassa howasyndan dem almak bize ajaýyp duýgulary peşgeş etdi. Bagbanlar bilen söhbetdeş bolanymyzda mundan 23 ýyl ozal täze bagy döredip, 750 düýp miweli bag ekendiklerini, şondan bäri miweli daragtlaryň sanyny 2 müňden hem aşyrandyklaryny, gözlegde bolup has gowy hasyl berýän alma nahallarynyň 15-den gowrak görnüşini, şetdalyny 5 görnüşini, erigiň 5 görnüşini we beýleki miweli baglaryň hem birnäçe görnüşlerini kemala getirendiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Bagban öz ýetişdiren bagynyň miweleriniň toý saçaklarynyň bezegine öwrülýändigine, ak bazarlarda, söwda nokatlarynda islegiň barha artýandygyna guwanjynyň çägi ýok. “Çekseň zähmet-ýagar rehnet” diýen atalar pähiminiň doly manysyna biz halaçly babadaýhanlaryň gazanýan zähmet ýeňişlerini ýakyndan synlanymyzda aýdyň göz ýetirdik.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölümüniň müdiri Bagtyýar Derkarow