Gadam basan täze zamanamyzda, täze döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny dowam etdirip, obasenagat toplumynda durmuşa geçirýän yzygiderli işleri, kömek-goldawlary netijesinde gözümiziň alynda halypalardan ordurmaga ukyply ýaş, başarjaň, ene ýere bagy badadan daýhan nesli kemala gelýär.
Buýsanç bilen belläp geçmeli zadymyz hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde daýhanlara mukaddes ene toprakdan ýokary hasyl ýetişdirip, girdejilerini artdyryp gurply ýaşamaklary üçin ähli şertler döredildi we bu işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Muňa biz ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat we Saýat etrap komitetleriniň işjeň agzalary, jogapkär işgärleri bolup, Saýat etrabynyň Gülistan daýhan birleşiginde zähmet çekýän pagtaçy babadaýhanlarymyzyň armasyny ýetirmäge baranymyzda hem aýdyň göz ýetirdik. Haçan-da biz ýokarda agzalan daýhan birleşigiň gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen ak pagtalary synlap, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň pagtaçy kärendeçilerimiz üçinde bereketli ýyl bolup gelendigine aýdyň göz ýetirdik. Her bir gowaça agajynda 70-80, käbir ýerlerinde ondan-da köp gowaça korenleriniň açylandygyny görüp, bu ýerde zähmet çekýän kärendeçiler topara ýolbaşçylary, daýhan birleşiginiň agronomlary bilen söhbetdeş bolup, olaryň armasyny ýetirdik. Şol söhbetdeşligimizde biziň söhbetdeşligimiz gowaçanyň oba hojalyk ekinleriniň içinde iň köp zähmeti talap edýän, ýöne hasylly, girdejili ekindigini gürrüň berdiler. Haçan-da biz olardan gowaça edilýän agrotehniki çäreler barada soranymyzda “Gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işlerini talaba laýyk geçirip, gyş sowukdan gundyryp taba gelen ýerde sürüm, tekizleýiş işlerini geçirip, gowaçany ekinçäň ene ýere ýagşy yhlasyny siňdirmeli bolýar. Gowaça ekilen meýdandan gowy gögeriş alyp, otag, ýekelew işlerini, mineral dökünler we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek, suwa ýakmak, çürtüm etmek, gowaçany zyýankeşlerden goramak ýaly agrotehniki çäreleri yzygiderli geçirseň ine şeýle bol hasyl ýetişdirip bolýar” diýip Saýat etrabynyň Gülistan daýhan birleşiginiň başlygy Döwlet Çaryýew buýsançly bize gürrüň berdi. Saýat etrabynyň Gülistan daýhan birleşiginiň babadaýhanlary pagta, bugdaý, şaly, aralyk ekinleri ýetişdirmekde hem welaýatymyzda öňdebaryjy öz kärine ussat daýhanlar hökmünde tanalýar. Saýat etrabynyň Gülistan daýhan birleşiginiň bagbanlary diňe biz Lebap welaýatynda däl eýsem ýurt derejesinde hem tejribeli bagbanlar hökmünde tanalýarlar. Bu daýhan birleşiginiň bagbanlary her ýyl ýurt derejesinde geçirilýän ýazky we güýzki bag ekişligi döwründe ýüz müňe çenli miweli bag nahallaryny ýetişdirip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde-de, halkymyzyň bag miwelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda-da öz goşantlaryny goşýarlar. Saýat etrabynyň Gülistan daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary ýyladyşhana şertlerinde limon, banan ýaly suptropiki ekinleri ýetişdirip, ak bazara çykarmakda, iri we maýda mallary ösdürip ýetişdirip, halkymyzyň et we süýt önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Bu daýhan birleşiginde ýaşaýan islendik hojalyga myhmançylyga baranyňda mellek ýerlerinde ýyladyşhanany, ýokary hilli bol hasyl berýän miweli daragtlary, iri we maýda mallary görmek bolýar. Ata-babalarymyzyň “Çekseň zähmet – ýagar rähnet” diýen nakylynda tekrarlaýan bereket çeşmesini şu daýhan birleşigiň islendik maşgalasyna barsaň hem gözüň bilen görüp bolýar. Ene ýere hyzmat edip, bol hasyl almaga, halal baýamaga giň şertleri döreden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza babadaýhanlarymyzyň alkyşlarynyň çägi ýok. Biz hem her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uly toý-baýram edilip bellenilip geçilýän Hasyl toýy bilen ata Watanymyzda zähmet çekýän ähli babadaýhanlarymyzy, şol sanda Saýat etrabynyň Gülistan daýhan birleşiginiň kärendeçilerini, bagbanlaryny, ýyladyşhana şertlerinde limon ýetişdirýän hojalyklaryny, aralyk ekinlerden bol hasyl ýetişdirýän babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.
Goý, Hasyl toýy her bir türkmen maşgalasyna rysgal-bereket getirsin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow