“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy ulydan toýlanýar. Ýurdymyzyň bu baş baýramyna özleriniň zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şaly kärendeçileri 8100 gektar ýerden 35000 tonna şaly hasylyny öndürmegi göz öňünde tutyp, her bir agrotehniki çäreleri ýokary hil derejesinde berjaý edýärler, şalynyň kadaly ösüşini gazanýarlar. Şaly meýdanlara ideg etmekde 27-nji Oktýabr daýhan birleşiginiň kärendeçileri aýratyn tapawutlanýar. Hojalykda şu ýyly 3150 gektar ýere şalynyň biziň toprak howa şertlerimize oňat uýgullaşan görnüşleri ekilip, birtekiz kadaly gögeriş gazanyldy. Şonça gektar ýere daýhançylykdan baý iş tejiribe toplan kärendeçileriň 293-si eýeçilik edip, olaryň her biri özleriniň gatnaşmagyndaky şaly meýdanlaryň idegini kemsiz berjaý edýärler. Şaly ekini köp suwy talap edýär. Şaly meýdanlaryna suwyň talabalaýyk tutulşyna daýhan birleşiginiň miraby Gurbangeldi Batyrow berk gözegçilik edip, her bir damjasy altyna deňelýän suwy tygşytly ulanmaga, rejeli peýdalanmaga çalyşýar. Häzirki wagtda şaly meýdanlary goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirýärler. Hapa-haşal otlardan goramak işlerini dowam etdirýärler. Ideg işleri kemsiz berjaý edilen şaly meýdanlary synlanyňda bol hasylyň kemala geljegine bolan ynamyň artýar. Göreldeli kärendeçilerden Öwezow Töremyrat, Noşşyýewa Humaý, Weliýewa Gurbansoltan, Poşşyýew Hudaýberdi dagylary görkezmek bolar. Bu kärendeçileri görelde edýän hojalygyň beýleki şaly kärendeçileri hem her bir agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Munuň özi bol şaly hasylynyň kemala gelip, azyk bolçylygynyň döredilmegine uly mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň S. Türkmenbaşy etrap komitetiniň buhgalteri Saparow Döwletgeldi Amangeldiýewiç