Şu günler ýurdumyzyň beýleki künjekleri bilen deň hatarda Lebap welaýatynyň şäher, etraplaryynda hem ahalteke bedewleriniň Nedirlandlar patşalygynda geçirilen dünýä çempionadyna bagyşlanyp tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, maslahatlar, brifingler dabaraly ýagdaýda geçirilýär.
Ine şeýle maslahatlaryň biri-de ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Lebap welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamaklarynda welaýat kitaphananyň mejlisler zalynda geçirildi. Maslahata ýaşuly nesliň wekilleri, Agrar partiýanyň Lebap welaýat, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat etrap komitetleriniň, Türkmenabat şäher komitetiniň işjeň agzalary, jogapkär işgärleri, saglygy goraýyş, kitaphana işgärleri, Türkmenabadyň lukmançylyk, Derýaçylyk, Demirýollary orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we mugallymlary işjeň gatnaşdylar.
Çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ahalteke bedewlerimiziň at-abraýy dünýä doldy. – Ynha bu günki günde ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatynyň Ýewropanyň Nedirnadlar patşalygynda geçirilmeginiň özünde aýdyň şaýatlyk edýär diýip buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyş edenler ahalteke bedewleriniň halkara derejesindäki I çempionatyna 25 döwletden 80-den gowrak ahalteke bedewleriniň gatnaşýandygyny, indi bu çempionat her 5 ýyldan geçiriljekdigini, bu gezekki ilkinji çempionatda ata Watanymyzda seýislenen bedewlerimiziň ýokary netije görkezip uly baýrakly orunlara mynasyp bolandyklaryny belläp geçdiler. Çykyşlarda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, ýyndamlyk boýunça geçirilen bäsleşikleriň, ol ýerde gurnalan sergileriň, ak öýleriň, taýýarlanan milli tagamlaryň, ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahatyň örän täsirli geçirilendigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Olar öz çykyşlarynda çempionatda ýeňiji diýip yglan edilen suratkeşleri, nakgaşlary, halyçylary, çapynsowarlary gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutladylar. Çykyş edenler Ýewropada geçirilen bu çempionat gurulan ak öýleri, sergileri, pawilýonlary synlanyňda edil öz ýurdumyzda geçirilen çalymdaş boldy diýip, uzak ülkelerde ahalteke bedewlerimiziň çempionadyny geçirmeklige döredip beren şertdir-mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzy ahalteke assosiasiýasyny döretmekde, atlary kemala getirmekde bitiren uly hyzmatlary üçin gowşurylan ýokary baýrak we kubok bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri
Bagtyýar Derkarow