Daşoguz welaýatymyzda esasy köp ekilýän däneli ekinleriň biri hem dary. Ol däneliler maşgalasyna degişli bolup, boýy 30-50sm bolan bir ýyllyk otjumak ösümlikdir. Dary guş iými bolmak bilen bir hatarda adamlar üçin hem ýokumly iýmit hasaplanýar. Darynyň dänesiniň düzüminde 81% krahmal, 12% belok, 3,5% ýag, 0,5% şeker şonuň ýaly hem kaliý duzy, natriý kalsiý, magni ýaly witaminleriň köp görnüşi bar. Darydan witaminlere baý dürli iýmit taýýarlanylýar.Darydan iň köp taýýarlanýan, halkymyzyň uly isleg bildirýän iýmitiniň biri hem sök. Arassa daryny suwda mazaly bir iki baş gaýnatmaly. Gaýnawy ýeten dary taýýar halatyna gelende dänede çyzyk peýda bolýar. Şol wagt alyp biraz suwy çekilýänçä ýaýyp goýmaly. Soňra daryny gury gazana salyp pes alawda gowurmaly. Dary köýip gitmez ýaly agaçdan ýasalan kepkir bilen tä gowrylyp bolýança elmydama bulap durmaly. Mazaly gowrylan darynyň reňki doýgun gyzyl reňke gelýär. Ondan soň sokyda döwmeli. Bir gezek sokyda döwenden soň elekde eläp ýene bir gezek sokyda daşy aýrylýança döwmeli. Soňra elekde eläp, azrak pesräkden sowrmaly. Şondan soň sökimiz taýýar bolýar. Sök süýtli gara çaý bilen içilýän iň gowy iýmit bolup durýar. Esasan bu önüme halkymyz gyş aýlarynda köp isleg bildirýär. Sebäbi sök gyş aýlarynda uzak wagtlap dok saklaýar. Şeýle hem taýýar söki degirmende üwäp içinede azmaz şeker goşşan talhan edip iýmek hem mümkin. Şonuň ýaly hem garagalpak, gazak, özbek milletlerinde toýuň esasy tagamy sök hasaplanýar. Sökgi gaýnan suwa salyp biraz ezip goýulýar. Soňra suwy sowamazdan öň dökilip oňa sary ýag we azmaz şeker goşlup garylýar. Muňa bu milletler maý sök diýýärler. Esasan gelin toýda gelen myhmanlara bu tagam hödirlenilyar. Häzirki wagtda hem bu milletleriň ilaty bu tagamy toý dabaralarda uly höwes bilen taýýarlaýarlar. Munuň özi hem ene-mamalarymyzdan galan galan edim-gylymlaryň ýaş nesillerimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA