Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

DAŞKY GURŞAWYŇ ABADANLYGY – DÜNÝÄNIŇ PARAHATLYGY

Alym Arkadagymyzyň ekologiýa diplomatiýasy döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir. Hut şonuň üçin hem Ata watanymyzy durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynda ekologiýa aýawly çemeleşmek, tebigata zyýanly galyndylary çykarmaýan önümçiligi ornaşdyrmagy döwlet derejesindäki üýtgewsiz talap bolup durýar.
Bular barada aýdylanda hemişelik Bitarap Türkmenistan watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje giren durnukly ösüş babatda 17 maksady we şonuň bilen baglanyşykly 169 wezipäni özünde jemleýän «2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň gün tertibinde» beýan edilen ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryny hökümet derejesinde kabul edip, özüniň milli meýilnamalaryna ornaşdyran dünýäde ilkinji döwletleriň birdigini nygtamak
Özüniň garaşsyzlyk ýyllarynda hemişelik bitaraplygy içeri hem daşary syýasatynda özen edinýän Türkmenistan ekologiýanyň babatdaky halkara kadalary we bu ugurda kabul edilen konwensiýalaryň talaplaryny milli kanunçylygyna berk ornaşdyrdy.
Türkmenistanyň «Ýer hakynda» bitewi Kanunynda, Sanitariýa, Suw, Tokaý kodekslerinde daşky tebigy gurşawy abat saklamak we gowulandyrmak, raýatlaryň oňaýly daşky gurşawa bolan kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmek, suw serişdelerine bolan zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen birlikde suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramak, tokaýlary abat saklamak we üznüksiz köpeldip durmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň esaslary beýan edilýär.
Eýsem-de kanunçylyk namalarymyzdan gelip çykýan talaplary göz öňünde tutmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksatly ýurdumyzda ýörite maksatnamalaryň hem durmuşa geçirilýändigini nygtamak gerek. Arkadagly eýýamymyzda Gök Guşak maksatnamasynda bellenen çäreler esasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşyl zolaklar, seýil baglar döredi. Şäherleriň we obalaryň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmek maksatly durmuşa geçirilýän bu maksatnamanyň ilatyň saglygyny goramaga we köpçülikleýin beden terbiýäni ösdürmäge hem oňaýly şert döredýändigi diýseň buýsançly
Aýmuhammet Atabaýew,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.