Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär. 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hem berekede dolup-daşyp gelen döwletimizde, senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan “ak-altynyň” bol hasylyny öndürmegi maksat edinýän etrabymyzyň edermen babadaýhanlary tomus paslynyň häzirki gyzgalaňly dowam edýän günlerinde, gowaçalara hemmetaraplaýyn ýokary hilli ideg edip gaýratly zähmet çekýärler. Meýdan işlerinde Dänew etrabynyň daýhan birleşikleriniň kärendeçi ussat agzybir babadaýhanlary özleriniň ýadawsyz hem-de yhlasly zähmeti bilen öňe saýlanýarlar. Gowaçanyň bitginli hasylynyň kemal getirilmegini ähli zatdan ileri tutýarlar. Munuň şeýledigini ösüp oturan gowaça meýdançalary göze mese mälim bolup görünüp dur. Özboluşly ýaraşyk berip, güni sanap ösüp oturan gowaçalara dürli ideg çärelerini ýerine ýetirilmegi üçin edermen kärendeçilerimiz ir säherden ekin ýerlerine baryp, janyp - keşlik bilen zähmet çekýändikleri bildirip gözüni dokundyryp dur. Altyna deňelýän pagtanyň öndürilişinde her bir ýyly gowy netijiler bilen jemleýär. Dänew etrabynyň ökde kärendeçiler hem bu ýyl pagtany öz wagtynda ýetişdirmekde täze sepgitlere çykmagy maksat edinýändigi tekrarlady. Häzirki günlerde gowaça meýdançalarynda çyrpym işleri geçirilip, daýhan birleşigimiziň käbir ýerlerinde ösüş üçünji suwlary tutulup dur. Ösgünligi ör boýy bolan gowaçanyň gül-gunçalara bürenip oturşyny göreniňde, daýhanlaryň topraga yhlas siňdirip bilendigine göz ýetirýärsiň. Hasyla durmana gün sanap barýan gowaçalaryň ähli bejergileri öz wagtynda berjaý edilendigi aýdyň görnüp dur. Boý alýan gowaçalar mineral we organiki dökünler bilen yzygiderli iýmitlendirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň oba hojalygyny ösdürmekde öňde goýan aýdyň wezipelerine alyp barýan işler biziň syýasy partiýamyzyň geljekki işleriniň täze badalgalaryny berýär we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmeklige has-da ruhlandyrýar. Şeýle hem Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzda, ildeşlerimiziň her biriniň çekýän asylly zähmetine uly sarpa we hormat goýulýar. Oba hojalygyny düýpli özgertemek baradaky aladalaryny, daşary we içeri syýasatyny raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň işgärleri, Dänew etrap döwlet edara kärhanalarynda, daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynda ýygy ýygydan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistan döwletimizde alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirip, öňde baryjy işjeň agzalryna höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandyrýar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň esasy hünärmeni Dilraba Şaýmerdanowa