Şu günler güýz paslynyň gyzgalaňly döwründe Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda pagta ýygymy bilen deň hatarda aralyk ekinleriň hasylyny ýygnamak işleri utgaşykly, guramaçylykly ulanyp barylýar. Lebaply şalyçy kärendeçiler şaly meýdanlarda agrotehniki çäreleri talaba laýyk durmuşa geçirip, şalydan bol hasyl ýetişdirdiler. Şaly oragy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň satyn alyp beren kuwwatly däne ýygyjy kombaýynlary şaly oragyny gysga döwürde, zaýasyz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmakda babadaýhanlarymyza uly goltgy boldy. Haçan-da biz welaýatymyzyň Kerki, Halaç, Saýat, Çärjew, Dänew etraplarynda iş saparlarynda olaryň ýetişdiren bol şaly hasyllaryny synlap armasyny ýetirenimizde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda halkymyzyň tüwä bolan islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilikleriň ulydygyna aýdyň göz ýetirdik.
Ýakynda bolsa biz Agrar partiýanyň wagyzçylar topary bilen Saýat etrabynyň Gülistan daýhan birleşiginde we Dänew etrabynyň Ýalkym daýhan birleşiginde aralyk ekinleri bolan kelem, käşir, şugundyr we beýleki gök-bakja ekinlerini ekip kemala getiren kärendeçileriň durmuşa geçirýän işleri bilen ýakyndan tanyş bolduk we olaryň armasyny ýetirdik. Dänew etrabynyň Ýalkym daýhan birleşiginiň kärendeçileri köp ýyllaryň dowamynda aralyk ekinleri ekip, uly tejribe toplan kärendeçiler hökmünde tanalýar. Aralyk ekinler bolan kelem, ýeralma, şugundyr, käşir ýaly ekinlerden 2-3 hasyl almagy başarýan Ýalkymly kelem ýetişdirip hasylyny ýygnap ýören ildeşlerimiziň birnäçesi bilen biz atyz meýdanynda söhbetdeş bolduk. Şol pursat tejribeli kärendeçiler bize tebigy toprak-howa şertlerimizi nazarda tutyp, ýylyň dowamynda kelemden 3 hasyl alynýandyklaryny gürrüň berdiler. Şol pursat kelem ösdürip ýetişdirýän kärendeçilere 3 hasyl alynmagynyň ýylyň haýsy wagtlary ekilip, hasylynyň ýygnalyşy barada sowal bilen ýüzlendik. Şonda olar bize 3 hasylyň 1-i ýyladyşhana şertlerinde, 2 hasyly ýazky we güýzki kelemlerdigini düşündirdiler. Gektarlap kelem ekip ýetişdirmek hem köp el zähmetini talap edýän ekeni. Olar ilki öýlerinde kelemiň şitillerini ýetişdirip, soňra gektarlap kärendesine alan ýerlerine ýeke-ýekeden kelem nahalyny ekýändiklerini, bejergi işlerini talaba laýyk geçirseň kelemiň gektaryna 70 tonnadan – 100 tonna çenli hasyl berýändigini, kelemiň sowuga çydamly ekindigini bize düşündirdiler. Soňra biz wagyzçylar toparymyzyň agzalary bolup, şugundyr, käşir we beýleki aralyk ekinleri ekip, bol hasyl ýetişdiren kärendeçileriň armasyny ýetirip, olara Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Agrar syýasatyny düşündirdik we aralyk ekinlerden bol hasylyň kemala getirilendigine aýdyň göz ýetirdik.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow