Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşlere eýe bolmak bilen bir hatarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda oba hojalygynyň ylmy esasda toplumlaýyn ösdürilmegine, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ata-babalarymyzyň baý ekerançylyk tejribesi häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylmagynyň netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanyp, döwletimziiň azyk binýady barha pugtalanýar. Häzirki günlerde daýhanlarymyzyň ter gök önümleriniň mukdaryny artdyrmak ugrunda çekýän tutanýerli zähmetleri içerki bazary azyk bolçulygy bilen üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle netijeleri gazanmagyň özi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan giň möçberli tutumlaryň barha rowaçlanyp, üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Kararlarynyň çäklerinde gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýazky ekişine taýýarlamak, ilatymyzy bol azyk we gök önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde güneşli Diýarymyzyň babadaýhanlary bilen bir hatarda Balkan welaýatynyň gök ekerançylarydyr kärendeçi daýhanlary hem şu günler gujurly zähmet çekýärler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda welaýatymyz boýunça 50 müň gektara bugdaý ekilip, ondan 80 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki döwürde bugdaý ekilen meýdanlara ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerlerde hem sürüm tekizleýiş işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň, ekerançylaryň hem-de mehanizatorlaryň netijeli we bökdençsiz işlemegi üçin oňaýly şertler döredilýär. Welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynda işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem daýhanlaryň bereketli toprakdan bol hasyl alyp, öňde goýlan maksatnamany doly ýerine ýetirmek bilen belent sepgitlere ýetjekdigine aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Aýnatäç Nedirowa,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkanabat şäher
komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri