Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy toýlanýan Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bedew bady bilen belent sepgitlere eýe bolýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek we düýpli özgertmek, ony ykdysadyýetiň girdejili pudaklarynyň birine öwürmek boýunça netijeli işler alynyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda däneçilik pudagynyň ylmy esasynda ösdürilmegine uly üns berýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy awgustynda geçirilen mejlisinde häzirki günlerde bugdaý ekişiniň ýakynlaşandygyna görä, gallaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde wajyp wezipeleriň durýandygyny belläp geçdi. Bugdaý ekişi möwsümini bellenen möhletlerde, agrotehnikanyň talaplaryna laýyk, öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, ekiş mösüminde geljek ýylyň bereketli hasylynyň düýbüniň tutulýandygyna üns çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 3-nji sentýabryndan bugdaý ekişine ak pata berýändigini aýtdy we gadymyýetden gelýän asylly däbimize görä, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini belledi.
Hormatly Prezdentimiziň ak patasyna eýerilip, welaýatymyzda täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişmeklige bagyşlanyp, welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, şäher, etrap häkimleri, olaryň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.
Sakarçäge etrabynyň Daýhan daýhan birleşigiň çäginde alyslara ýaýylyp ýatan, bugdaý ekişine birkemsiz taýýarlanan ekin meýdanynyň ýakasynda yzyna ekijiler tirkelen traktorlar, giň meýdançada ýerleşdirilen tehnikanyň ätiýaçlyk şaýlary tehnikanyň ekişde bökdençsiz işlediljekdigine ynam döredýär. Toý gününi ýada salýan bezemen meýdançada aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar.
Tolgundyryjy pursat hem gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen il içinde hormatlanylýan ýaşulularymyz “Bismilla” bilen, ene topraga bereket tohumyny sepdiler. Bugdaý ekijileri tirkelen traktorlaryň sazlaşykly hereketi bilen ekişe girişildi.
Mary welaýatynyň daýhanlary güýzlik bugdaý ekişinde 170 müň gektara ak ekin ekmegi meýilleşdirýärler. Ýerleri ekişe taýýarlamak işleriniň guralşyna we hiline “Mary obahyzmat”, “Marygalla” önümçilik birleşikleriniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň hünärmenleri ykjam gözegçilk edärler.
Begenjowa Gülşat
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Murgap etrap komitetiniň hünärmeni