Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň dowamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler baradaky maglumatlary diňläp, buýsançly başymyz gök diredi. Çünki olaryň ählisi halkymyzyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşy bilen baglanyşykly. Garaşsyz ýurdumyzda uly guwanç-buýsanç bilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip at berlen şu ýylda dürli görnüşli oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylynyň kemala getirilmegine gönükdirilen giň gerimli işler günsaýyn ýokary depgine eýe bolýar.
Ýurdumyzda daýhanlara hemme taraplaýyn goldaw berilýär. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny döwrebap ösdürmekde, kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmekde möhüm wezipeleri öňde goýýar. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmegi oba hojalyk işgärlerine uly goldaw boldy. Türkmenistanyň Agrar partiýasy hem döwletimiziň iri syýasy partiýasy bolmak bilen öz hataryna ylym-bilimli, öňdebaryjy maksada okgunly oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän işgärleri kabul edip, öz işini Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk bilen meşgullanýan adamlaryň Diýarymyzy bereket çeşmesine, bolçulygyň mekanyna öwürmek barada uly işleri öz öňlerinde maksat edinmeklerini hem-de gelejekde şol maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyrmakda işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga gönükdirýär we bu ugurdaky çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň Agrar ulgamynda hereket edýän bu syýasy partiýa tarapyndan oba ýerlerinde we daýhan birleşiklerindäki ekerançylaryň we maldarlaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny, oba zähmetkeşleriniň yhlasly zähmet çekmekleri we eşretli ýaşamaklary üçin döwletimiz tarapyndan önüm öndürijilere berilýän ýeňillikleri, bank karzlaryny, oba hojalygyndaky salgyt ýeňilliklerini halk içinde wagyz etmek işleri hem yzygiderli alnyp barylýar.
Şunuň ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli lideri gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni Näzbibi Kubaýewa