Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan eziz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläkde ösdürmek üçin, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda göreşýän daýhanlaryň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalaryň tapgyrlaýyn satyn alynmagy bu ulgamyň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Milli Lidermiziň oba hojalyk önümlerini öndürijilere berýän yzygiderli kömek goldawlary, ýeňillikleri daşary ýurtlardan satyn alyp berýän iş öndürijiligi ýokary bolan, döwrebap tehnikalary daýhanlaryň netijeli işlemegini halal zähmet çekip baýamagyny üpjün edýär.
Oba hojalygynda zähmet çekýän daýhanlar ekerençylyk işlerinde el güýji bilen bir hatarda oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň güýjinden peýdalanýarlar. Ýurdumyzyň we welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlary toprak-howa şertleriniň aýratynlygy, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasynyň dürli-dürlüligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Şona göräde oba hojalyk tehnikalary bilen bir hatarda ekerançylykda ulanmak, dürli oba hojalyk işlerini ylmy taýdan ykrar edilen agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýerine ýetirmek üçin oba hojalyk tehnikalarynyň gurallary hem satyn alynýar.
Bu getirilýän döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalara enjamlara erk etmek dolandyrmak, tehniki hyzmaty talabalaýyk amala aşyrmak üçin ýokary we orta okuw jaýlarynda hünärmenler taýýarlanýar. Bu tehnikalary we enjamlary işde ulanmagyň usulyýeti barada ylmy amaly okuwlar guralýar. Uly mümkinçiliklere eýe bolan pagta we däne ýygyjy kombaýnlar, Keýs, Jon-Deer we Klaas traktorlary, olara tirkelýän kaspardo gowaça ekijisi, dökün döküji, ýer alma ekiji, ýygnaýjy, ot orujy, kipleýji, haşal otlaryň we ösümlikleriň tebigy zyýankeşleriniň bejergisinde ulanylýan tirkeg gurallary kärendeçi, mülkdar, hususyýetçi, daýhanlaryň ygtybarly daýanjy.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalary we howandarlygy netijesinde milli baýlygymyz bolan suwy tygşytly ulanmak, ekinleri ýagyş we damja usulynda suwaryp ösdürip ýetişdirmekde tutumly işler amala aşyrylýar.
Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, ähli ugurlarda amala aşyrýan işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Gülbahar Rejepowa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň esasy hünärmeni