Biziň halkymyzda perzent bilen bagly köp sanly dabaralar geçirýärler. Şolaryň biri hem çagalaryň ilkinji dişi görnendäki berilýän diş toýudyr.
Çaganyň ilki bilen alyn dişi çykýar. Ilkinji akja diş toýy bermek türkmen halkynda däbe öwrülen dabaralaryň biri bolup durýar. Diş toýy ýakyn garyndaşlar, oba goňşular çagyrlyp berilýän toý. Eger çaga maşgalada ilkinji çaga ýa-da köne at dakylan çaga bolsa dabaranyň has uludan tutulýan ýagdaýlary hem boýar.
Diş toýunda adatça diş gowurgasy taýýarlanylýar. Diş toýunda özbolşly dessurlar hem ýerine ýetirilýär. Çagany arassa düşegiň üstünde täze geýimlerini geýdirip oturdýarlar. Soňam çaganyň üstüne ak ýaglyk ýapyp, onuň üstünde diş toýy üçin ýöriteläp gowrulan gowurgany guýýarlar. Soňam şol guýulan gowurgany diş toý dabarasyna gatnaşýanlara paýlap çykýarlar.
Käbir ýerlerde diş toýunda bişiriljrk palawyň tüwisini çaganyň üstünden guýup, soňra bişirmek dessurlary hem bar.
Diş gowurgasy diňe bir görnüşli bolman, bugdaýdan, künjüdn edilen gowurga, jöwen, mekgejöwen paragyň garylyp taýarlanýar. Bu dessur çaganyň dişi gowy çyksyn, berk bolup össün diýen yrym bilen edilýär.
Öňden gelýän ynanja görä diş toýy berlen çaganyň dişleri tiz hem-de berk bolup çykýar. Öňki döwürde adamlarda diş toýy berilmedik çaganyň dişi haýal ösýär diýen ynanç bolupdyr.
Diş toýy biziň günlerimizde hem geçirilýär. Ýöne ol täze eýýamda döwrebap häsiýete bolup, diş gowurgasyna her hili kemputlary, süýjilkleri, maýda oýnawaçlary hem goşulýar.
Diş toý dabarasyna niýetlenip edilen gowurga diş gowurgasy diýilýär. Diş gowurgasyndan dabara gelenleriň hemmesine berlip goýberilýär.
Maýsa Öwezowa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni