Hemmämize mälim bolşy ýaly, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Onda sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulagkommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gabatlanyp geçirilen foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu geçirilen forumda diňe çökgünligiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga däl-de, eýsem, ykdysady ösüşiň durnukly ugruna çykmaga, durmuş taýdan ösüşiň maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin şertleriň üpjün edilmegine, sebitiň ýurtlarynyň Baştutanlarynyň gazanan ylalaşyklaryna laýyklykda, özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalary we anyk wezipeleri işläp taýýarlamagyň zerurlygyny görkezýär. Şunda Türkmenistan esasy ugurlaryň hatarynda ulag we energetika ulgamlaryny ileri tutýar.
Hyzmatdaşlygyň bu ugurlaryna garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň umumylygy Merkezi Aziýa döwletleri üçin iş ýüzündäki gatnaşyklar babatda degişli şertleri döredýär. Bu ýerde gürrüň bir bitewi maksatlaryň ikisi barada, birinjiden, sebitiň içinde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ikinjiden, häzirki zaman geoykdysadyýetiň möhüm subýekti hökmünde kontinental we dünýä hojalyk gatnaşyklaryny doly derejede gurmak hakynda barýar.
Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň çäklerinde möhüm pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekildi. Olar aýry-aýry taraplaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary, senagat, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek pikirini tassykladylar.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň geçirilmegi — köp ugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze belentliklerine çykarmaga gönükdirilendir.
Halmämmedowa Mähri,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Ak bugdaý etrap komitetiniň esasy hünärmeni