Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyz Bedew bady bilen öňe barýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz halky üçin döredip berýän giň şertleri esasynda ata Watanymyzyň her bir güni toý - baýrama beslenýär. Bahar paslynyň gelmegi bilen togsan dolup ýere ýyly gidýär, meýdanlarda ot-çöplere, baglara jan girip töwerek-daşymyz gül-gülzarlyga öwrülýär. Tebigatyň şeýle gözel keşbe eýe bolýan ýaz paslynyň ilkinji ongünliginde beýleki halklar bilen deň hatarda Diýarymyzda Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy uly ruhybelentlikde bellenilip geçilýär. 8-nji mart eneleň baýramy, aýallaň, daýzalaň, ýeňňeleň sözümizi jemläp aýdanymyzda zenanlaň baýramy. Her ýylky däp bolşy ýaly “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken taryhy permany esasynda gelin – gyzlara, enelerimize şa sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary uly ruhybelentlikde geçirildi.
Şeýle dabaraly maslahatlaryň biride Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Saýat etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda “Dünýäň sallançagy enäň elinde” at bilen Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde geçirildi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilen dabaraly maslahata kümüş saçly eneler, dürli kärde zähmet çekýän Agrar partiýanyň işjeň agzalary, medeniýet, bili, saglygy goraýyş işgärleri, öňdebaryjy kärendeçiler işjeň gatnaşdylar. Çykyş edenler dabaraly maslahata gatnaşan zenanlary Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar we zenan mertebesini belende galdyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýançlaryny beýan etdiler. Soňra dabaraly maslahata gatnaşan zenanlarymyzy gutlap medeniýet – sungat işgärleri buýsançly çykyş etdiler we öz ýürek buýsançlaryny aýdym – sazlaryň, dabaraly tanslaryň üsti bilen dowam edip dabaraly maslahata gatnaşyjylara ruhybelentlik paýladylar.Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölümüniň müdiri Bagtyýar Derkarow