Ynha şu günler ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen deň hatarda Lebap welaýatynyň şäherlerinde, etraplarynda, obalarynda, dürli edara-kärhanalarynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň dabaralary barada, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütler barada dabaraly maslahatlar, söhbetdeşlikler geçirilýär.
Ine şeýle wagyz-nesihat çäreleriň biri-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat koomitetiniň gurnamagynda Çärjew etrabynyň Hudaýnazar Hajyýew daýhan birleşiginiň Garagum şährasynda ýerleşýän düýedarçylyk fermasynda geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde düýedarçylyk fermasynda zähmet çekýän düýe çopanlaryna Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen bagtyýarlygy barada, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy çözgütleri barada buýsançly çykyşlar edildi. Soňra wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Çärjew etrabynyň Hudaýnazar Hajyýew daýhan birleşiginiň düýedarçylyk fermasynda bakylýan düýeleri, köşekleri ýakyndan synlamaga mümkinçilik aldylar we olaryň armasyny ýetirip, zähmet üstünliklerini arzuw etdiler. Bu daýhan birleşiginiň düýedarçylyk fermasynda 5 sany düýe çopanlarynyň goşlarynda 700-den gowrak düýe bakylýar. Şolardan Goş aýry I, Goş aýry II, Sanaçly, Aşyrabat, Bowrigyşyk guýularynda ýerleşýän düýe çopanlarynyň goşlarynda kärendeçi düýe çopanlaryň ýaşamagy üçin, medeniýetli dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Haçan-da biz bu düýedarçylyk fermasynyň Goş II guýusynda düýe Garagum şährasynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýyna baranymyzda, bu ýerde daýhan birleşik tarapyndan ähli şertleriň döredilendigine aýdyň göz ýetirdik. Bu çopan goşunda gün energiýasyndan tok döredýän gün batareýalarynyň oturdylandygyna çynymyzy aýtsak haýran galdyk. Bu ýerde zähmet çekýän düýe çopanlary dynç alýan pursatlary gün batareýasyndan peýdalanyp telewizor görmäge, elektrik togy bilen öýlerini ýagtylatmaga giň şertleri döredipdirler. Çopan goşunda çopanlaryň ýaşaýyş durmuş bilen tanyş bolanymyzdan soň düýe çopanlary bilen söhbetdeş bolduk. Görüp otursak bu çopan goşunda zähmet çekýän çopanlar bir maşgalanyň agzalary bolsa nätjek. Olar Hojyýew Mansur, Hojyýew Mimat, Hojyýew Narkuly we Tölegbaýew Hojaahmetdir. Düýe çopanlarynyň ählisiniň 2 ýyldan 10 ýyl aralykda iş tejribesi bar. Çopanlar bilen söhbetdeşligimiziň çäginde aýlyk zähmet haklary barada soranymyzda her ýyl dünýä inýän köşekleriň 50% göterimi daýhan birleşigine, 50% göteriminiň kärendeçi düýe çopanlaryna berilýändigini, ondan başga-da önüm bermeýän erkek düýeler üçin hem 5% göterim zähmet hakynyň tölenýändigini gürrüň berdiler. Biz ýene düýe çopanlardan her ýyl ene düýelerden näçe köşek alýandygyny soranymyzda olar bize buýsanç bilen geçen ýyl 118 köşek, üstümizdäki ýyldan bolsa 120 köşek alandyklaryny gürrüň berdiler. Biz şol pursat maşgala bolup düýe bakýan kärendeçi düýe çopanlaryň diňe şu ýyl 60 köşegiň öz maşgalasyna girdeji boljakdygyna, mundan başga-da önüm bermeýän erkek düýeler üçinem 5% göterim hak tölenýändigine göz aýlap, düýe çopanyň girdejili kärdigine göz ýetirdik. Düýe çopanlary bilen söhbetdeşligimiziň çäklerinde çopanlara daýhan birleşigi tarapyndan berilýän kömek-goldawlar barada gyzyklanyp sorag bilen ýüzlendik. Şol pursat kärendeçi düýe çopanlary uly buýsanç bilen özlerine düýe bakmak üçin Garagum sährasyndan öri meýdan bilen, ýaşaýyş jaýlary bilen, gyş pasly üçin ot-iýim bilen, kesellere garşy düzi-dermanlar bilen, mallary suwarar ýaly 7 sany guýy bilen üpjün edýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Soňra biz kärendeçi düýe çopanlardan düýe maly barada, düýeleriň görnüşleri, köpelişi, idedilişi barada soradyk. Olar bize dünýäde düýäniň esasy 2 dürlüsiniň bardygyny, olaryň bir ürküçli we iki ürküçli düýelerdigini, bu çopan goşunda bakylýan düýeleriň bir ürküçli arwana düýelerdigini gürrüň berdiler.
Düýe çopanlarynyň gürrüň berişi ýaly düýe maly yssy howada-da, sowuk howada-da suwsyzlyga çydamly mal. Düýeler ýaz, tomus, güýz pasyllarynda 2 günden – 7 gün aralykda suwa ýanylsa gyş paslynda her aýda bir gezek suwa ýanylýar. Düýe malynyň suwsyzlyga çydamly bolmagynda ürküçlerindäki we aýaklarynyň topagyndaky müzleriň orny ulydyr. Düýe malynyň süýdi, aýrany, eti, ýüňi müň bir derdiň dermany hasaplanýar. Gadymy döwürlerden bäri müňýyllyklaryň dowamynda ýüň çekmekde, uzak aralyga ýöremekde düýe malynyň öňüne çykan transport bolmandyr. Beýik ýüpek ýoly döwründe biziň söwdegärlerimiz kerwen gurup düýe maly bilen dünýäniň çar ýanynda söwda edipdir. Türkmeniň dünýä ýaň döwürlerinden başlap XX asyryň 30-njy ýyllaryna çenli oturymly we göçüp-gonyp ýaşan halk. Ine şol döwürlerde-de, häzirki döwürde-de türkmen üçin düýe maly bahasyna ýetip bolmajak baýlyk, döwletli mal, bereket çeşmesidir. Şol sebäpden ata-babalarymyz düýe malyna “Düýe maly-dünýä maly” diýipdirler. Bu ýörelge häzirki döwrümizde hem nusga alarlyk ýol-ýörelgedir.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdir Bagtyýar Derkarow