Arwana düýe mallary selin, sazak, gandym, ýandak, ýowşan ýaly ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Olar suwsyzlyga örän çydamly bolýarlar. Tomus günleriniň jöwzaly yssysynda bir hepde suwsuz oňup bilýärler. Gyşyna bolsa bir aý kyrk gün suwsuz oňup bilýärler. Düýeler suwuň nirede bardygyn 10 kilometr daşlykdan duýup bilýärler. Düýe mallarynyň ýük göterjilik ukyby aýatyn bellenmäge mynasypdyr. Halkymyzyň “Basany aýlyk, götereni ýyllyk” diýip kemala getiren düýe maly Beýik Ýüpek ýolunuň hem esasy ulagy bolupdyr. Ýüke werziş arwanalar, bugyrçylar saýlanyp-seçilip, kerwene tirkelipdirler. Olar göç edilende, öý goşlaryny göteripdirler. Şeýle hem inen arwanalar türkmenleriň iýmit çeşmesi bolup hyzat edipdir. Onuň süýdünden jana tenekar agaran, ymyrgan, çal, süzme, gurt taýarlapdyrlar. Düýeler ýylaşa botlaýarlar. Olar bir ýyllap süýt berýärler. Düýe süýdi örän peýdalydyr. Ata-babalarymyz düýäniň ýüňünden taýarlanan, dokalan önümleri mukaddeslik derejesinde göteripdirler. Enelerimiz düýe ýüňünden hiç wagt aýak astyna atylýan närseleri taýarlamandyrlar. Ondan diňe ýorgan tikipdirler, saçak, bil guşak, agyr çäkmen dokapdyrlar.Häzirki wagytda hem düýe malynyň ýüňünden Türkmen telekeçileri hem birnäçe önümleri öndürip olardan türkmen saçagy, ýorgan, dürli görnüşli dokma önümleri öndürülip halkymyza giňden hyzmat edilýär
Türkenistanyň Agrar partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň esasy hünärmeni Enejan ANNAMYRADOWA